Adem Kula : Foruma uly höwes bilen gatnaşdyk

Ine, hemmämiziň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan birinji Hazar ykdysady forumy uly üstünliklere beslendi. Forumyň çäklerinde köp sanly halkara çäreler geçirildi. Şolaryň hatarynda ajaýyp sergiler hem bar. Dönýäniň ençeme ýurdundan myhmanlaryň gatnamagynda geçirilen sergide birnäçe daşary ýurtly myhmanlar bilen söhbetdeşlik bolduk.

Salam meniň adym Adem Kula. Men bu sergä Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary hökmünde gatnaşýaryn. Men şol bir wagtda Atawatan Türkmenistan halkara žurnalynyň esaslandyryjysy bolup durýaryn. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasy 10 döwletiň bilelikdäki guran ykdysady edarasydyr. Biz bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Söwda-senagat edarasynyň çakylygy bilen geldik. Biziň guramamyza agza bolan 10 ýurtdan wekilçilikli toparlar birinji  Hazar ykdysady forumyna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Forumyň çäklerinde sergileriň we köp sanly duşuşyklaryň gurnalmagy, muňa biziň hem gatnaşmagymyzyň örän uly bähbidi bardyr. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjiligi bilen Hazar sebitindäki ilkinji forumyň Türkmenbaşy şäherinde geçirilmegi bu Türkmenistan döwletiniň nähili ösüşlere eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Şeýle hem forumyň Hazaryň türkmen kenarynda geçirilmegi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýetini hem-de aýratynlygyny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek babatda hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu forumyň geljekde birnäçe uly-uly işleri ýola goýjakdygyna ynanýaryn. Sözümiň şu ýerinde bolsa, bizi şu ajaýyp sergä çagyran türkmen halkyna hoşallygymyzy bildirýärin. Biz şu ajaýyp Awazadadygymyza begenýäris. Şu pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny Gurban baýramy bilen gutlaýaryn.

Rastgele Haberler

Bakanlar Kurulu toplantısı: Türkmen Lider Singapur’u ziyaret edecek

Ağustos 17, 2019 - 2:14 PM
Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, video-konferans eşliğinde Bakanlar Kurulu toplantısını gerçekleştirdi. Ülkenin iç ve dış gündeminin ele alındığı toplantıda, Ağustos ayının sonlarına doğru Türkmenistan Devlet Başkanı öncülüğündeki heyetin Singapur’a bir ziyaret gerçekleştireceği kaydedildi. Bu ziyaret, Türkmenistan ile Singapur ilişkilerine yeni bir ivme kazandıracak.
Daha fazla oku

Bir Guinness Rekoru daha bekleniyor

Ağustos 12, 2019 - 9:38 AM
Bugün Avaza’da gerçekleşmekte olan 1. Hazar Ekonomik Forumu kapsamında Atavatan Türkmenistan dergisine açıklamada bulunan Guinness Rekorları temsilcisi Şeyda Subaşı, Türkmenistan’a bir Guinness
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *