Sygyr süýdünden köýnekçe

Kaliforniýanyň «Mi Terro» atly süýt söwdasy bilen meşgullanýan çaklaňrak şereketi galan süýtleri zaýalamazlygyň täsin hem örän peýdaly ýoluny tapdy. Indi şereketde süýtden mata dokalýar, matadan hem erkek kişiler üçin köýnekçe.

«New Atlas» neşiriniň habarynda aýdylyşy ýaly, her gün satylman galan süýt bu ýerde gaýtadan işlenilýär. Şereketiň hünärmenleri süýtden mata almagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Şol matadan hem köýnekçe dokalýar. Ilçilikdir, eger siz «Limitless Milk Shirt» köýnekçelerine gabat gelseňiz, onda onuň sygyr süýdünden dokalandygyna ynanyp bilersiňiz. Iň täsin ýeri, bir köýnekçäni taýýarlamak üçin 5 bulgur süýt ýeterlik. Siz 5 bulgur süýdüň bahasyna bir köýnekçe satyn alyp bilermisiňiz? «Mi Terronyň» hünärmenleri bolsa muny başardylar.

Aýdylyşyna görä, sygyr süýdünden taýýarlanan köýnekçe pagtadan taýýarlanylanyndan hem ýumşak. Ol bakterialara garşy hem üstünlikli goranyp bilýär.  Süýt ynsan saglygyna nähili peýda getirýän bolsa, şol peýdany köýnekçäni geçen adam hem görüp biler.

Rastgele Haberler

Täze batareýa ozalkylardan üç esse kuwwatly

Şubat 24, 2019 - 10:24 PM
Tehnologiýa bize bir tarapdan ep-esli ýeňillik döreden hem bolsa, ikinji bir tarapdan durmuşymyzy zarýada baglady. Telefonymyzyň ýa-da başga bir tehnoenjamymyzyň zarýadynyň azalmagy käbirimiz üçin gussasyny çekip, çydap bolmajak ýagdaýa öwrüldi. Ol hem, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, haçan görseň zarýad sorap durandyr.
Daha fazla oku

Orta Asya’da su alanda işbirliği

7, 2019 - 12:22 AM
Türkmenistan’ın başkenti Aşkabat’ta 5 Haziran Dünya Çevre Günü dolayısıyla “Orta Asya'nın Sürdürülebilir Gelişiminde Su Diplomasisinin Rolü” konulu uluslararası konferans düzenlendi. Konferansa bölge ülkelerinden temsilciler yanı sıra Aşkabat’taki BM teşkilatlarından yetkililer katıldı.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *