Inženerçilik, tehniki we medisina ugurlary boýunça diplomlarynyň Ykrary

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran 1176-njy Karary bilen “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibi” tassyklanyldy. Şu Tertibi ulanmak boýunça Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan  Gözükdiriji işlenilip taýýarlanyldy we  2019-njy ýylyň    29-njy martynda 80 belgili buýruk bilen tassyklanyldy.

Şonda, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça diplomlar dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan berlen bolmaly diýip bellenilen. Tertipde, medisina, inženerçilik we beýleki tehniki diýip biljegimiz ugurlaryň diplomlary üçin dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna girmelidigi barada bellik ýok. Başgaça aýdanymyzda tertipde bellenen beýleki şertlere laýyk bolmak bilen şu ugurlar boýunça islendik daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň diplomlarynyň ykrar edilip boljakdygy barada netijä barmak bolýar. Biziň bu pikrimizi Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Hemra Haýyrowyň Türkmenportal saýtyna beren söhbetdeşligindäki jogap hem tassyk edýär. Ýagny, şol söhbetdeşlikde, şeýle sorag berilýär :

 

- Ýagny, döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna degişli bolmadyk beýleki islendik hünärler boýunça  gündizki görnüşinde okalyp alnan resminamlar ykrar edilende çäklendirme ýok diýsek dogry bolýarmy?

Bu soraga aşakdaky ýaly jogap berilýär.

- Ýokarda belleýşimiz ýaly, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna degişli bolmadyk hünärler  boýunça islendik daşary ýurt döwletleriniň hünär okuw mekdeplerine (GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet hünär bilimi edaralaryna) okuwa gidilip, okalyp alnan resminamalar ykrar ediler.

 

Biz seljermämizi Türkiýäniň ýokary okuw jaýlary boýunça mysal bilen dowam edeýliň.

Ýagny,

  • Eger Türkmen talyp, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Türkiýede ýokary bilim almak islese, onda, ilki bilen sanawda ýer alan 25 sany ýokary okuw jaýlaryndan birinde bilim almaly.
  • Eger Türkmen talyp, jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlaryna degişli bolmadyk hünärler  boýunça  islendik Türk ýokary okuw jaýlaryndan birinde bilim alan ýagdaýynda diplomy beýleki şertleri ýerine ýetiren ýagdaýynda ykrar ediler. Emma bu ýokary okuw jaýlarynda okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde  okan bolmalydyr. Şeýle hem, bu ýokary okuw jaýlarynyň okuw möhleti hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan tassyklanylan, Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartynda bellenen möhletlere laýyk gelmelidir. Bellemeli zat, bu ýokary okuw jaýlary resmi ygtyýarlygy bolan hünär bilimi edaralary bolmalydyr.

 

Hormatly okyjy, bu seljerme, biziň ady agzalan Gözükdirijini seljermegimiz we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliniň metbugat beýanyndan çykaran netijämizdigini berk ýatda saklamagyňyzy haýyş edýäris. Sizhaýsyda bolsa bir okuw jaýyny saýlan ýagdaýyňyzda, gelejekde hiç hilli mesele bolmazlygy üçin Türkmenistanyň Bilim ministrligine ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

 

Mahabat

Okuw resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin Atawatan Danyşmanlyk LTD ýüz tutup bilersiňiz

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul 

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com        

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

 

 

Rastgele Haberler

Dünýäde iň belent aýlanýan halka peýda bolar

Mayıs 2, 2019 - 2:57 PM
Ýadyňyzda bolsa, paýtagtymyzda ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki aýlanýan halka ýapyk ýerdäki şeýle desgalaryň iň ulusy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi. Indiki ýylda ― 2020-nji ýylda Dubaýda
Daha fazla oku

«Ärtogrul: Dirilişiň» Osman Gazysy Burak Özçiwit bolar

Mayıs 6, 2019 - 5:29 PM
Dünýäniň 65 döwletinde görkezilýän «Ärtogrul: Diriliş» köp bölümli çeper filmi öňümizdäki güýzde täze möwsüm, täze taryh bilen başlar. Aýdylyşyna görä, täze möwsümde Osman Gazy döwri başlanar. Şeýlelikde, geljekki baş gahrymanyň ― Osman Gazynyň keşbini meşhur türk aktýory Burak Özçiwit ýerine ýetirer.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *