Kerimguly Geldiýew

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy, Ahal welaýatynyň 20-nji “Yzgant” saýlaw okrugynyň deputaty. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini menejer hünäri boýunça tamamlady.

Singapur Respublikasy bilen syýasy gatnaşyklar ösýär

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgelerine, maksatlaryna we wezipelerine esaslanýan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” döwletimiziň halkara işiniň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýada bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa Ýuwaş ummany sebitiniň (AÝS) ýurtlary bilen gatnaşyklara örän möhüm ähmiýet berýär. Häzirki döwürde giň geosyýasy we geoykdysady giňişliklerde bolup geçýän özgermeler şu ýüzýyllykda ykdysady, tehnologik we maliýe ösüşiniň ählumumy merkezleriniň hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp Aziýa Ýuwaş ummany sebitine geçýändigini görkezýär. Ýagny, ýakyn döwürde dünýäniň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki merkezi Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bolar. Bu şertlerde Türkmenistanyň Aziýa Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ulanmak biziň ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleri üçin örän möhüm bolup durýar.

Türkmenistanyň bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ýörelgelerine maksatlary we wezipeleri laýyk gelýän sebit guramalary we edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak geljegi uly bolan ugurlaryň biridir. Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary strategik häsiýete eýe boldy. Özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksat edilýän guramalaryň hatarynda Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasyny (ASEAN-y) we Aziýa-Ýuwaş Umman Ykdysady Hyzmatdaşlygy (APEC) görkezmek bolar.

Türkmenistan ulag, energetika, ýokary tehnologiýalar pudaklaryny, maliýe-bank ulgamyny Aziýa Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sebitiň gyzyklanma bildirýän döwletleri bilen Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üstünden Gündogar-Günbatar ugry boýunça transaziýa ulag geçelgelerini gurmagyň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň bir bitewi usullaryny emele getirmek boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge täze meýiller döreýär.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýylyň 26-27-nji awgustynda Singapur Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň ähmiýeti ýokarda bellenilip geçilen maglumatlardan hem aýdyň görünýär. Döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň döwlet we Hökümet Baştutanlarynyň duşuşygynda geljegi uly bolan türkmen-singapur hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary barada pikir alyşyldy.

Ikitaraplaýyn gol çekilen resminamalar:

  1. Diplomatik, gulluk ýa-da resmi pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny özara ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk;
  2. Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak we salgytlary tölemekden boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Singapur Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk;
  3. Hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Singapur Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Bulardan başga-da Singapurda geçirilen bilelikdäki işewürler maslahatynyň netijeleri boýunça Ylalaşyklara we Ähtnamalara gol çekildi.

Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler forumynyň geçirilmegi, eksporta niýetlenen türkmen harytlarynyň sergisiniň guralmagy türkmen-singapur söwda ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemäge amatly meýdança bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmengaz» döwlet konsernine Singapur Respublikasynyň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasyna gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegi iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da rowaçlanjakdygyny alamatlandyrýar.

Türkmenistan bilen diplomatiki gatnaşyklar 1996-njy ýylda ýola goýuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi şol bir wagtda Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesini ýerine ýetirýär. 2019-njy ýylyň iýun aýynda türkmen wekiliýetiniň saparda bolmagynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça geňeşmeler geçirildi.

Tüm Yazılar

Singapur Respublikasy bilen syýasy gatnaşyklar ösýär

Ağustos 29, 2019 - 10:04 AM
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgelerine, maksatlaryna we wezipelerine esaslanýan “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” döwletimiziň halkara işiniň mazmunyny we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Konsepsiýada bellenilip geçilişi ýaly,
Daha fazla oku

Sebitleýin ösüşde täze başlangyçlar rowaçlanýar

Eylül 11, 2019 - 10:31 PM
Türkmenistan durmuş - ykdysady özgertmeleriň milli modelini durmuşa ornaşdyrýar. Özgertmeler syýasaty oýlanyşykly işlenip düzülen döwlet we milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde hakyky miwelerini berýär. Ýurdumyzy ösen döwlete öwürmek ugrunda tutumly işler rowaçlyklara beslenýär.
Daha fazla oku

Hazar sebitinde ykdysady integrasiýa täze derejelere çykýar

Ağustos 13, 2019 - 4:27 PM
Ykdysady diplomatiýa – diplomatiýanyň bir görnüşi bolmak bilen, döwletiň ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly halkara giňişliginde milli bähbitleri goramak esasy maksatlaryň biri bolup çykyş edýär. Eksport-import gatnaşyklary, maýa goýum syýasaty, erkin söwda ylalaşyklary
Daha fazla oku

Rastgele Haberler

«Täç hil» – ýokary hilli önümçilik

Ocak 22, 2019 - 6:40 PM
Ýakynda «Watan habarlar gepleşiginde» «Täç hil» hususy kärhanasynyň işleri barada gysgaça maglumat berildi. Biz hem şu gün kärhananyň öndürýän önümleri barada giňişleýin maglumat almak üçin “Täç hile” bardyk. Bu ýerde bizi şol kärhananyň iş dolandyryjysy Eziz Gurdow garşy aldy. Söhbetdeşligimizde ol, ine, şulary gürrüň berdi:
Daha fazla oku

Vergi Seminerleri başlıyor

Ocak 8, 2019 - 10:35 AM
Türkmenistan Vergi Kanunlarında yapılan değişikleri açıklamak ve genel vergi konularında görüş paylaşmak için Türkmenistan Vergi Daireleri belirli periyotlarla vergi seminerlerini düzenlemektedir. Buna göre yakında Aşkabat Vergi Bölümünün ilçelerdeki birimleri tarafından seminerler gerçekleşecek.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *