Kerimguly Geldiýew

Türkmenistanyň Mejlisiniň agzasy Kerimguly Geldiýew, şol bir wagtda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň “Menejment” kafedrasynyň utgaşdyryjy mugallymy bolup işleýär. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini menejer hünäri boýunça tamamlady.

Hazar sebitinde ykdysady integrasiýa täze derejelere çykýar

Ykdysady diplomatiýa – diplomatiýanyň bir görnüşi bolmak bilen, döwletiň ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly halkara giňişliginde milli bähbitleri goramak esasy maksatlaryň biri bolup çykyş edýär. Eksport-import gatnaşyklary, maýa goýum syýasaty, erkin söwda ylalaşyklary ykdysady diplomatiýanyň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak babatynda netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Ykdysady we durmuş geňeşiniň (EKOSOS) komissiýalarynyň birnäçesine agzalyga saýlanylmagy Türkmenistanyň alyp barýan ykdysady syýasatyna halkara derejesinde doly goldaw berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bütindünýä Söwda Guramasyna agzalyk milli ykdysadyýetiň halkara ykdysady ulgama netijeli goşulmagyna oňyn täsir edip biler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ylalaşyga gol çekilmegi daşary syýasat ugry boýunça gazanylýan ykdysady netijeleriň nobatdaky sepgitleriniň biri bolup durýar. 2019-njy ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Söwda we ösüş boýunça geňeşine hemişelik agzasy hökmünde saýlanylmagy syýasy üstünlikleriň biridir.

Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryndan biri hňkmünde kesgitlenilen Ulag diplomatiýasynda gazanylan üstünlikleriň biri 2016-njy ýylda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň Aşgabatda geçirilmegidir. Bu maslahatyň çäklerinde biznes forumyň we metbugat konferensiýasynyň geçirilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň taryhynda ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy – Hususy pudak hyzmatdaşlygy taslamasy bolup taryha girdi. Türkmenistanyň işjeň häsiýetde alyp barýan ulag diplomatiýasyna syýasy goldaw has-da ýokarlanýar. Oňa mysal hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň bu ugurda kabul eden Kararnamalaryny belläp geçmek ýerlikli bolar.  TRASEKA, Täze Ýüpek ýoly, Lapis Lazuli ýaly halkara derejeli taslamalar Türkmenistanyň alyp barýan işjeň ulag diplomatiýasynyň ähmiýetini ýene bir gezek ýokarlandyrýar.

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunyň işi barada aýdylanda, bu port diňe häzirki talaplary däl, eýsem ýakyn geljekde ýüze çykjak islegleri hem kanagatlandyrmaga ukyply port derejesinde guruldy. Türkmenbaşy şäheri ulagyň ähli görnüşlerini özünde birleşdirýän aýratynlyklara eýe bolmak bilen, sebitde iri logistiki merkeze öwrülýär. Türkmenistanyň ulag-üstaşyr infrastrukturasynyň düýpli ösdürilmegi trans-Hazar, ýagny Hazar deňziniň üsti bilen multimodal, ýagny logistiki modlaryň birden köp ugruny ulanmak arkaly logistiki hyzmatlaryň hilini we göwrümini ýokarlandyrmak mümkinçiligi barha ýokarlanýar. “Pekinden Londona çenli” şygary bilen serhet üsti logistiki hyzmatlaryň artmagy täze infrastrukturany talap edýär. Bir penjire çemeleşmesi, logistiki merkezler, erkin ykdysady zolaklar ýaly usullar dünýä tejribesinde synagdan geçen we oňyn netije beren başlangyçlar bolup çykyş edýär.

Energetika diplomatiýasynyň ösdürilmegi sebitiň dünýä arenasynda ygtybarly energiýa üpjün ediji merkeze öwrülmegini şertlendirýär. Ägirt uly nebit we tebigy gaz gorlary kenarýaka ýurtlarynyň dünýä bazarynda ygtybarly üpjün ediji bolmagyna we täze önümleriň öndürilmegi üçin täze maýa goýum taslamalarynyň amal edilmegine şertler döredýär. Hazar deňziniň türkmen bölegine daşary ýurt göni maýa goýumlarynyň çekilmegi sebitiň senagat taýdan hem ösmegini kepillendirýär.

Hazarýaka döwletleriň global bazarda senagat merkezlerini energiýa serişdeleri we çig mal bilen üpjün ediji ýurtlar bolmagyndan goşulan gymmaty ýokary haryt we hyzmat öndürýän ýurtlara öwrülmegi üçin halkara derejeli maýa goýum taslamalary hem durmuşa geçirilýär. Ýaponiýa, Koreýa, Malaýziýa ýaly ýurtlaryň göni maýa goýum taslamalary nebit-himiýa we gaz-himiýa senagatynyň ösmegine amatly şertleri döredýär. Gyýanly we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawod we beýleki önümçilik desgalary milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Globalizasiýa şertlerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde giňden ulanylýar. NAFTA, ASEAN, EKO ýaly sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk guramalary sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyga mysal bolup durýar. Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolmak bilen, bu guramanyň çäginde iri halkara taslamalary durmuşa geçirmekde ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýär. Muňa mysal hökmünde, Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň XIII Sammitinde eden çykyşynda öňe süren başlangyçlaryny görkezmek bolar. Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektrik energiýasyny ibermek taslamasy we bu ugur boýunça optiki – süýümli ulgamy çekmek taslamasy sebitleýin ykdysady ösüşe itergi berjek başlangyçlar bolup durýar.

PESTEL seljerme usuly makroykdysady seljerme usullaryndan ýörgünlilerinden biri hökmünde kabul edilýär. Syýasy, ykdysady, durmuş, tehnologiki, ekologiki we hukuk taýdan seljermeleriň netijesinde taslamalaryň netijeliligine baha bermek mümkin bolýar.

  1. Hazar sebiti babatda hyzmatdaşlyk meselesi hem halkara meseleleriniň gün tertibinde durýar. Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda syýasy hyzmatdaşlyk ýyl geçdigiçe täze derejelere çykýar. Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy. 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 9-na Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Hazar deňzi institutynyň döredilmegi sebitde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ilerletmäge ylmy taýdan çemeleşmäge itergi berer.
  2. Birinji Hazar ykdysady forumy bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň meseleleri, kanunçylyk, standartlar, kadalar we ykdysadyýet boýunça statistika maglumatlary, sanly ykdysadyýet, sebitleýin hyzmatdaşlyk, bilelikdäki kärhanalary döretmek meseleleri babatda pikir alyşmagyň meýdançasyna öwrüler.
  3. Birinji Hazar ykdysady forumyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem örän ýerlikli çözgütdir. Hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylda milli syýahatçylyk zolagyny döretmek başlangyçlarynyň esasynda ekologiýa taýdan arassa syýahatçylyk toplumy döredildi. Ulaglaryň ähli görnüşleri bilen syýahatçylaryň gelmegi üçin, olaryň dünýä standartlarynda dynç almaklary üçin ähli şertler bar. Forumyň çäklerinde medeni maksatnamanyň utgaşdyrylmagy baý milli – medeni mirasymyz bilen foruma gatnaşyjylara mümkinçilik dörär.
  4. Bu forumyň çäklerinde “Hazar: innowasion tehnologiýalar” sergisiniň gurnalmagy sanly ykdysadyýet şertlerinde ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerini wagyz etmäge, şeýle hem daşary ýurt tejribesini öwrenmäge mümkinçilikler dörär. Türkmen sährasy-2019 halkara awtosergisi bir tarapdan Beýik ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän şertlerinde ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitleriň beýany, beýleki bir tarapdan ösüşiň täze mümkinçiliklerine itergi berjek meýdança bolar.
  5. Türkmenistan Durnukly Ösüş konsepsiýasynyň möhüm esaslaryndan biri bolan ekologik abadançylygy elmydama üns merkezinde tutýar. Forumyň plenar mejlisleriniň biriniň ýaşyl ykdysadyýete bagyşlanmagy ähmiýetlidir.
  6. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V Sammitinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekildi. Bu Konwensiýa “Türkmenistanyň Halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanyldy. Bu resminamalar Hazarýaka döwletleriň ykdysady hyzmatdaşygynyň ösüşiniň syýasy – hukuk binýady bolup durýar.
  7. Bu gysga seljermeden hem görnüşi ýaly, Birinji Hazar ykdysady forumy sözüň doly manysynda Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige beslenýän döwlet syýasatynyň ähli ugurlarynyň halkara derejesinde dabaralanmasyny alamatlandyrýar.

Tüm Yazılar

Hazar sebitinde ykdysady integrasiýa täze derejelere çykýar

Ağustos 13, 2019 - 4:27 PM
Ykdysady diplomatiýa – diplomatiýanyň bir görnüşi bolmak bilen, döwletiň ykdysady mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak arkaly halkara giňişliginde milli bähbitleri goramak esasy maksatlaryň biri bolup çykyş edýär. Eksport-import gatnaşyklary, maýa goýum syýasaty, erkin söwda ylalaşyklary
Daha fazla oku

Rastgele Haberler

Ученые обнаружили на Марсе источники рек

Nisan 3, 2019 - 10:52 PM
На Марсе могут формироваться реки и ручьи за счет глубоких подземных вод. К таким выводам пришли ученые из Университета Южной Калифорнии. Исследователи проанализировали характер складчатой поверхности
Daha fazla oku

Bu gün žurnalistler bäsleşer

Nisan 4, 2019 - 11:16 AM
Şu gün, ýagny sagat 14:00-da Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli žurnalistleriň arasynda sport
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *