Türkmen ili Gurban baýramyny belleýär

Türkmen halky musulman ymmatynyň hormat bilen belleýän  Gurban baýramyna aýratyn sarpa goýýar. Bu gadymy baýramyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde hem-de baýlaşdyrmakda, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda ähmiýeti örän uludyr.

Bu baýramyň ynsanperwerlik many-mazmuny, milli mirasymyzy gorap saklamak babatynda uly ähmiýeti, onuň ruhy gymmatlyklary türkmenistanlylary sogap işlere, parahatçylyk we döredijilik maksatlara ruhlandyrýar. Gurban baýramy päk niýetleriň hem-de haýyr-sahawatyň baýramydyr. Şeýle hem ol özüne mahsus aýratynlyklary bilen adamlary birek-birege ýakynlaşdyrýar, doganlaşdyrýar.

Gurban baýramy türkmen dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Halkymyz bu gadymy baýramyň many-mazmunyna milli ynanjyny, adatyny, däp-dessuryny siňdiripdir. Şonuň bilen birlikde, bu baýramy ýagşy doga-dilegleri, arzuw-umytlary, belent maksatlary arzuw edip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen belleýärler.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda, däp bolşy ýaly, türkmenistanlylaryň uly topary Mekgä we Medinä haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna ugradylmagy döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik we ruhy-ahlak däp-dessurlaryna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa biziň adamzat taryhynyň dowamynda parahatçylyk we ynsanperwerlik  ýörelgelerine ygrarly bolan merdana ata-babalarymyzdan gelýän milli ruhy gymmatlyklarymyza, medeni däplerimize ygrarlydygymyzy görkezýär.

 

***

Gurban sözi arapçadan terjime edilende, ýakynlaşmagy aňladýan “k,r,b” kök işliginden ýasalan bolup, sözlükde “Allatagala ýakynlaşdyrýan zat” diýen manyny berýär. Gurhanda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Allatagala beren gurbanlary-da bu işlik bilen getirilýär.

Olaryň biriniň mal-garadan, beýlekisiniň bolsa ak ekinden gurban berendigi hakynda aýdylýar. Il içinde aýdylýan “gurbanyň bolaýyn”, “janym gurban bolsun” we “gurbanyň gideýin” ýaly sözler-de “gurban” sözüniň sözlükdäki ulanylyşydyr. Gurhanda Hezreti Adam atanyň iki oglunyň Hudaý ýoluna gurbanlyk berendigi barada agzalyp geçilýär. Bu gurbanlygyň ýer ýüzündäki ilkinji gurbanlyk bolan bolmagy ýa-da olaryň öz kakalaryndan öwrenip, gurbanlygy ýerine ýetiren bolmaklary mümkin. Şeýlelikde, gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atamyzdan bäri berjaý edilip gelinýänligi belli bolýar.

Gurban baýramy Yslam  äleminiň hijri-kamary ýyl hasabyna görä Zilhijje (Gurban aýy) aýynyň 10-13-nji günlerinde bellenilip geçirilýän baýramçylykdyr. Gurhanda aýdylyşy ýaly, bu baýram Hezreti Ybraýymyň sünneti hökmünde bellenilip gelinýär.

Gurbanlyk Resulallah (s.a.w.) tarapyndan ilkinji gezek hijretiň birinji ýylynda Medinede Allahyň emri dogrusynda ähli möminlere baýram hökmünde yglan edilýär we bu günlerde baýram namazyny okamak we gurbanlyk kesmek wajyp kylynýar.

Kuran-y Kerimiň iň köp üstünde durýan we hökümleri kesgitlän baýramy bolan Gurban baýramy degişli hadyslaryň habar bermegine görä, ýylyň iň gadyrly günüdir ýa-da haýyr taýdan arefe güni bilen deňdir. Arefe güni we Gurban baýramy günleri esasynda Yslamyň parzlaryndan biri bolan haj ybadatynyň wagtlarydyr.

Gurban baýramy, Hezreti Ybraýymyň ogly Ysmaýyly (a.s.) gurban etmek islän, Jenab-y Hakyň-da bir uly goç iberip, ony halas eden gününde bellenýär. Bu baýramda Ybraýym pygambere goýlan hormat artyp, Allah ugrunda jany we maly pida etmekde, bu ýolda sabyr we mertlik görkezmekde olardan nusga almalydygy ýene bir gezek ýatlanýar.

Resulallah (s.a.w.) baýram ýerine gelenleri gutlap, baýram namazyndan soňra sadaka hem sowgatlar berer eken, berilmegini ündär we berlenleriň günäleriň bagyşlanmagyna sebäp boljakdygyny aýdar eken.

 

Gurban kesmegiň hikmetleri

 

  • Her bir ybadat Allanyň emri bolandygy üçin berjaý edilýär. Allanyň emridigi üçin amal edilýän her ybadatda bize mälim ýa-da nämälim birnäçe hikmet bardyr. Gurhanda gurban ybadatynyň hikmeti şeýle bildirilýär: “Allanyň özlerine ryzyk hökmünde beren haýwanlaryny soýanlarynda, Allanyň adyny ýatlamaklary üçin Biz her ymmata gurban ybadatyny berdik.”
  • Gurbanlyk jemgyýetde doganlyk, arkalaşyk, pidakärlik we ýardamlaşmak duýgularynyny kämilleşdirýär.

        Gurban kesmegiň sogaby barada soran bir Sahaba söýgüli Pygamberimiz: “Gurbanyň her bir gyly üçin bir sogap bardyr” diýip jogap beripdir.

Beýik Allanyň razylygy üçin kesilen gurbanlyk ahyryýetde geçilmesi kyn bolan syrat köprüsinde eýesi üçin münelge boljakdyr. Ybadatlar Allanyň emridigi üçin her dürli peýda we hikmetlerden has möhümi Allanyň razylygyny gazanmak niýeti bilen amal edilmelidir. Bu nukdaýnazardan, gurban hem her dürli şahsy, jemgyýetçilik peýdalary bilen bir hatarda, Allanyň hoşnutlygyny we diňe Onuň razylygyny gazanmak maksady bilen berjaý edilmegi ybadatdyr.

 

Gurban kesmekligiň şerti

 

Gurban kesmek maddy hal-ýagdaýy ýerinde bolanlar üçin wajyp bolan bir dini jogapkärçilikdir.

Gurban ybadatynyň şerti gurban edilmegine rugsat berlen haýwanlardan birini gurbanlyk günlerinde kesmekdir. Sygyr we düýäni ýedi kişä çenli şärik bolup kesmek mümkindir. Emma goýun we geçini diňe bir adam gurban kesip biler, bular üçin şärik bolmak dogry hasaplanmaýar. Sygyr ýa-da düýe malyna şärik bolýanlaryň ählisi hem gurbanlyk niýeti bilen şärik bolmaly, aralaryndan bir kişi hem et almak niýeti bilen şäriklige goşulmaly däldir.

Gurbanlyk mal Gurban baýramynyň birinji, ikinji we üçünji günlerinde kesilýär. Gurbanlyk malyň birinji günde kesilmegi has sogaply hasaplanýar. Gurban kesmegiň wagty baýram namazynyň okalmagyndan soňra başlanýar.

 

Rastgele Haberler

En iyi ilçeye 1 milyon dolar para ödülü verildi

Şubat 6, 2019 - 3:50 PM
Türkmenistan’da her sene bölgesel Kalkınma Programının başarılı bir şekilde uygulanması, tahıl, pamuk ve diğer tarım ürünlerinin toplanması, sosyal tesislerin devreye alınması, istihdam, kültürel eğlence ve bölge sakinlerinin kültürel ve sportif aktivitelerde yer alması gibi göstergeler kapsamında ‘En iyi ilçe’ seçilmektedir.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *