Täze saýt hereket edip başlady :Biznes Türkmenistan

"Biznes Türkmenistan" maglumat merkezi türkmen, iňlis we rus dillerinde berilýän biznes habarlary websaýtynyň açylandygyny buýsanç bilen yglan edýär. Çap edilýän habarlar täze, gyzykly we düşnükli bolup, websaýt paýtagt Aşgabatda ýerleşýän redaksiýasy tarapyndan gündelik ýagdaýda täzelenip durýar.

2019-nji ýylda döredilen “Biznes Türkmenistan” (BT) Türkmenistanda resmi ýagdaýda hasaba alnan täjirçilik habarlary we maglumat hyzmatlarydyr. BT Türkmenistandaky we dünýäniň dürli künjegindäki okyjylara biznes maglumatlaryny we habarlary rejeli ýagdaýda ýetirip, ýola düşen kompaniýalary, täze döredilen kompaniýalary, maýa goýujylary, telekeçileri, importçylary, eksportçylary we sarp edijileri dürli ugurdaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär.

Biziň işgärlerimiz Türkmenistandaky we dünýäniň dürli ýurtlaryndaky okyjylaryň talaplaryny ödemek üçin önümlerimizi we hyzmatlarymyzy yzygiderli ýagdaýda özgerdýärler. BT žurnalistleriň, redaktorlaryň, bilermenleriň, hukukçylaryň, wideo operatorlaryň we fotosuratçylaryň milli aragatnaşygynyň goldawyny we maslahatlaryny hem alyp durýar. Biziň habar we maglumat hyzmatlarymyz giň gerimli ugurlary, şol sanda hususy eýeçilik, önümçilik senagaty, oba hojalygy, energiýa, gurluşyk, transport, aragatnaşyk, tehnologiýa, söwda, hyzmatlar pudagy, bank we maliýe, tender bäsleşikleri we birža kwotalary ýaly mowzuklary öz içine alýar.      

Biziň marketing hünärmenlerimiz mahabat sargyt ediji her bir hyzmatdaşymyz bilen ýakyndan işleşip, olaryň biznes talaplaryna görä mahabat toplumyny düzýärler. Ýerli alyjylar bolsun ýa halkara eksport edijiler bolsun – tapawudy ýok, biz önümleriňizi we hyzmatlaryňyzy göz öňünde tutýan müşderileriňize netijeli görnüşde ýetirmäge hem ýardam berýäris.

Biz biznes jemgyýetçiligine we halk köpçüligine hyzmat edýändigimize guwanýarys. Biz siziň biznes durmuşyňyzy has hem özgerdip, täjirçilik kararlaryny almagyňyza ýardam bermäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

"Biznes Türkmenistan" barada has giň maglumat almak üçin, www.biznes.com.tm websaýtyna giriň.

 

 

 

 

 

Mahabat

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin Atawatan Danyşmanlyk LTD ýüz tutup bilersiňiz

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul 

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com        

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

 

 

Rastgele Haberler

Вертолёт для полёта в атмосфере Марса

12, 2019 - 1:58 AM
Американские специалисты из Лаборатории реактивного движения в Пасадине представили беспилотный вертолёт, который способен летать в атмосфере Марса. На его борту не станут размещать научную аппаратуру так как он создан для того, чтобы доказать возможность полёта на красную планету.
Daha fazla oku

Türkmenistan bilen Azerbaýjan hyzmatdaşlygy berkeýär

Kasım 22, 2018 - 5:03 PM
Hazar deňziniň iki kenaryny boýlap oturan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklar täze hyzmatdaşlyk döwrüne gadam basdy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň iki günlik Türkmenstan sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejelere çykardy. Iki ýurduň arasynda ulag-ýol düzüminde hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegi, hususan-da ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, bu ugurda haryt dolanyşygynyň artdyrylmagy babatda möhüm ylalaşyklaryň ençemesine gol çekildi.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *