Av.Dr.Döwran Orazgylyjov

Dr.Orazgylyjov, Atavatan Türkmenistan uluslararası dergisinin Genel yayın yönetmenliğini yürütmektedir.

Ýosemite Jülgesi: Steve Jobsyň ylham mekany

Saýtymyzda  öň berlen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna eden gezelenjimiz baradaky ýazgylarymyzy Ýosemite Jülgesiniň täsinlikleri  bilen dowam edýäris.

Biz Ýosemite milli seýilgähine gitmek üçin agşamara Los Angelesden (bu şäher barada saýtymyzda öň giňişleýin beripdik) ýola çykdyk. Bu milli seýilgähiň içinde Ýosemite jülgesi ýerleşýär.  Biz oňä seýilgäh diýýäris, emma ol kiçi ýer däl, Ýosemite Milli Seýilgähiň umumy meýdany  3 müň kilometr inedördülden gowrak.

Ýosemite jülgesi Los Angeles şäherinden ýeňil awtoulag bilen gideniňde ortaça 6 sagat wagt  uzaklykda ýerleşýär. Biz ilki bilen Fresno diýilýän şäherde düşledik. Sebäbi uzak ýoldan soň, dynç alyp,  ertesi  Ýosemite milli seýilgähine syýahat etmeli!

Aýdyşlaryna görä, bu milli seýilgähe her ýyl 4 million syýahatçy gelýärmiş. Ol ýer hakyky tebigatyň gözel peýzažy. Hudožnigiň döreden ajaýyp sungat eserine meňzeş. Ýaýylyp ýatan gözellik, ýokaryk seredeniňde aňyrsyna gözüň ýetmeýän agaçlar, haýwanlaryň dürli görnüşleri...Bularyň ählisi şol ajaýyp jülgede ýerleşýär. Biz ol ýerde haýwanlardan diňe bir kiçiräk aýyny gördük, emma, dag arslanlarynyň, keýikleriň we janly-jandarlaryň  ol jülgede mesgen tutandygyny aýdýarlar. Haýran galdyrýan zat, seýilgähde her biriniň uzynlygy 100 metrden geçýän dürli-dürli  agaçlar bar. Şolaryň biriniň aşagyndan  bolsa, 1800-nji ýyllarda  at arabasy geçer ýaly tunel (aşakdan geçelge) hem açypdyrlar.

Metbugatda ýazylyşyna görä,  meşhur Steve Jobs aram-aram bu seýilgähe gelip, dynç alýan eken. Belki-de eliňizdäki  Iphone telefonlary kämil edip döretmek üçin bu owadan seýilgäh ylham çeşme bolandyr. Steve Jobsyň durmuş toýy hem şu seýilgähde ýerleşýän myhmanhanalaryň birinde bolupdyr. Dogrusy, özüm-ä  Iphone telefon ulanyp göremok welin, aýdylyşyna görä, Appliň işleýiş sistemalarynyň biriniň adyna Ýosemite goýlup, ol seýilgähiň täsin suratlaryny telefonyň ýüzüne ekran suraty hökmünde ulanylypdyr. Şol suratlardan ikisini habarymyzda hem ulanýarys,  Apple ulanýanlaryňyz ol suratlary göreniňizden tanarsyňyz.  

     Tunnel View merkezi

Gadymy hem örän owadan Ýosemite seýilgähiniň köp ýerlerini görüp bolýan  ýeri Tunnel View diýen merkezidir. Ol ýerden seýilgähiň  iň owadan ýerleri, ýagny  El Capitan depesini, Half  Dome belentligini,  Bridalveil şarlawugyny görüp bolýar.  Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen syýahatçylar  seýilgähiň ajaýyp ýerlerini synlamak we surata düşmek üçin ilki bilen ol ýere jemlenýär ekenler.

     Glacier Point merkezi

Bu  Merkez 2200 metr belentlikden seýilgähiň dürli ýerlerini görmäge mümkinçilik berýän başga bir merkez. Biziň syýahatymyzyň iýun aýynyň soňlaryna bolandygyna garamazdan,  ol merkeze barýarkak  ýol gyralarynda az hem bolsa gar galyndylaryny gördük. Eger Ýosemite milli seýilgähine syýahat etmek nesibäňizde bar bolsa, hökman ol merkeze barmagyňyzy maslahat berýäris. Dogrymy aýtsam, men-ä Tunnel Viewden ortaça 40 minutlyk uzaklykda ýerleşýän bu merkeze ilki gitmek islemedim, sebäbi wagt çäkli, syýahata aýlanyp görmeli ýerler köp, emma, awtoulagy Myrat ulanýanlygy sebäpli gitdim. Ýadawlygyma seretmän, gidenime diýseň begendim. Sebäbi ol ýeriň gözelligine, özüne çekijiligine näçe seretseň, seredip oturmaly. 

     Half Dome daş toplumy

Tebigy ýagdaýda meýdana gelen daşdan ýarym öý mysaly ýatladyp duran  daş toplumyna Half Dome diýilýär. Ol ýeri synlamak örän ajaýyp we ýakymly. Half Dome daş toplumyna her gün 300-e golaý adama dyrmaşyp çykmaga rugsat berilýän eken, oňa dyrmaşmak  üçin alpinist bolmasaň hem şol ugurda tejribäň bolsa dyrmaşsaňgowy. Biz-ä dyrmaşmaklyga synanyşmadyk.

      El  Capitan belentligi

 Ýosemite milli seýilgähiniň  iň meşhur ýerleriniň biri bolsa El Capitan belentligidir. Bu depe  910 metr belentlige eýe bolup, ýekeje bölek gaýadan ybarat. Bu ýer alpinistler tarapyndan iň halanylýan ýerleriň biri. El Capitan belentligine ilkinji gezek 1958-nji ýylda3 sany alpinist dyrmaşypdyr.  

 Ýosemite milli seýilgähine  bolan syýahatymyzy agşamara tamamladyk. Indiki syýahat etjek ýerimiz telekeçileriň meşhur mekany – Silikon Jülgesi!

Öňki ýazgylarymyz

Amerika Size garaşýar: Täze başlaýanlar üçin

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tu/news_details.php?news_id=MzU1Nw==

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary...

https://www.atavatan-turkmenistan.com/tk/news_details.php?news_id=MzU1OA==

 

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul 

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com        

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

Täze ýazgylarymyzy okamak üçin bizi sosial mediadan yzarlan!

Resmi Twitter Hesabımız için

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hesabımız için :       

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Resmi  Facebook Hesabımız için  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/  

Resmi Instagram Hesabımız için :

https://www.instagram.com/atavatanturkmenistan/

 

IMO 00993 65 80 24 70

 

Tüm Yazılar

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary...

Temmuz 4, 2019 - 11:50 AM
Meniň geçen hepde www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda goýan “Amerika Size garaşýar. Täze başlaýanlar üçin” atly syýahat hakyndaky ýazgylarym garaşanymdan hem has uly gyzyklanma eýe boldy. Emma, biziň öz syýahat meýilnamamyza gysga wagtyň içine köp zat sygdyranlygymyz üçin, şol syýahat
Daha fazla oku

Amerika Size garaşýar: Täze başlaýanlar üçin

Temmuz 17, 2019 - 12:14 AM
Daşary ýurtlara syýahat etmezden ozal, şol ýurt barada internetden dürli maglumat ýygnalýar. Şol ýurtda haýsy şähere gitmeli, giden şäherinde/ şäherleriňde nireleri görmeli ýaly soraglara jogap tapmak, şeýle hem wagtyň tygşytly ullanyp has köp ýerleri görmek üçin maglumat ýygnamak peýdaly bolýar. Özümä maglumat ýygnan wagtym, öň şol ýerleri gören, gezelenç ýazgylaryny ýazan
Daha fazla oku

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary...

Temmuz 17, 2019 - 12:31 AM
Meniň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda goýan “Amerika Size garaşýar. Täze başlaýanlar üçin” atly syýahat hakyndaky ýazgylarym garaşanymdan hem has uly gyzyklanma eýe boldy. Emma, biziň öz syýahat meýilnamamyza gysga wagtyň içine köp zat sygdyranlygymyz üçin, şol syýahat belliklerimiň dowamyny bu gün ýazmaklyk nesip etdi.
Daha fazla oku

Rastgele Haberler

19 ýaşda millioner

Şubat 8, 2019 - 9:45 PM
Ejesi oňa heniz 15 ýaşyndaka az mukdarda öndürilen aýakgaplaryň birini satyn alyp berdi. Ol bolsa mümkinçilikden peýdalanyp... 19 ýaşda millioner boldy. Gürrüň Bejamin Kiks atly ýetginjek barada barýar. Ejesiniň heniz 15 ýaşly
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *