Olimpiada ― 2024-e dört görnüş goşuldy

Halkara Olimpiýa komitetiniň Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirilen 134-nji mejlisinde Olimpiýa oýunlary bilen bagly möhüm çözgütleriň birnäçesine gelindi. Öz işine 2026-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirjek döwletiň anyklanmagy bilen başlan mejlisde dünýäniň iri sport baýramçylygyna ýene-de birnäçe görnüşler goşuldy.

Has takygy, breýk-dans, skeýtbording, sýörfing we sport alpinizmi 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

― Sportuň bu dört görnüşiniň Olimpiýa hereketiniň bütin dünýäde rowaçlanmagynda uly paýy bardyr. Bu görnüşler sportda gender deňligini saklamakda we ýaşlary sporta has ýakynlaşdyrmakda ähmiýetlidir ― diýip, mejlisde eden çykyşynda HOK-nyň ýolbaşçysy Tomas Bah belledi.

Sport alpinizmi 2018-nji ýylda Argentinada geçirilen Ýetginjekleriň Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. Şondan soň Ýer ýüzünde sportuň bu görnüşine bolan isleg has-da artdy. Pariž Olimpiadasynda sport alpinizmi we skeýtborg boýunça medallaryň 4, sýörfing we breýk-dans boýunça 2 toplumy gowşurylar.

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *