«Antoposen» ― planetamyzyň täze döwri

Beýik Britaniýanyň Lester uniwersitetiniň alymlary planetamyza täze döwrüň gelendigini aýdýarlar. Uniwersitetiň wekili Ýan Zalasewiçiň aýtmagyna görä, täze döwür «Ynsan döwri» diýlip atlandyrylýar.

Ylmy dilde «Antroposen» diýlip atlandyrylýan döwürde adam ― ynsan dünäýni dolandyrmagy doly öz erkine aldy. Häzir adamyň täsiri ozalkylaryndan has güýçli.

Elbetde, ylyma bir täzeligi ykrar etdirmek aňsat däl. Dünýäde täze bir döwrüň başlanandygyny subut etmek üçin uniwersitetiň alymlarynyň 34-si birnäçe ýylyň dowamynda irginsiz işlemeli boldular. Ahyrynda-da olar ylmy jemgyýetçilige täze döwri ykrar etdirmegi başardylar.

Şeýlelikde, biziň planetamyza 12 müň ýyl mundan ozal buz döwrüniň ornuna gelen golosen döwri hem öz ornuny täze döwre berýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, adamyň dünýäde bolup geçýän hadysalara täsiri soňky 10 million ýyldakydan 100 esse güýçlüdir.

Rastgele Haberler

Magellanyň yzy bilen

Ocak 6, 2020 - 10:47 AM
Ýer şaryny 371 günde aýlanmak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda Portugaliýanyň Lissabon şäherinden “Sagreş” atly gämi ýola çykdy. Bu gämi arkaly 500 müň ýyl mundan ozal, portugaliýaly deňiz syýahatçysy Fernan Magellanyň amala aşyran ilkinji ýüzüşiniň täzelenmegi meýilleşdirilýär.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *