Diplom ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar

Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça  Gözükdiriji kabul edildi.  Bu gözükdiriji Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran  80 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy. Şeýle hem gözükdiriji Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alyndy. Gözükdirijiniň 1-nji babynyň 5-nji bendine laýyklykda  resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar bellenilen.

Resminamalary ykrar etmek üçin bildirilýän talaplar:

1) Resminamalar şu hünär bilimi edaralary tarapyndan berlen bolmalydyr:

a) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin döwlet hünär bilimi edaralary, beýleki daşary ýurt döwletleri üçin şol döwletlerde resmi ygtyýarlygy bolan hünär bilimi edaralary tarapyndan;

b) Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça Resminamalar dünýäniň okuw mekdepleriniň öňdeligini düzýän halkara guramalarynyň kesgitleýän sanawyna giren ýokary okuw mekdepleri tarapyndan.

Halkara guramalaryň (“Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings” we “The Times Higher Education World University Rankings”) resmi internet sahypasyndan alnan maglumatlara laýyklykda daşary ýurt bilim edaralarynyň öňdeligini düzýän okuw mekdepleriniň sanawy hem-de Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň hem-de ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen jemgyýet baradaky we ynsanperwer ylymlarynyň ugurlary boýunça maglumat her ýylyň başynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanylýar hem-de hemmeleriň dykgatyna ýetirmek üçin degişli çäreler geçirilýär;

2) okuwlar gündizki (önümçilikden aýrylmak şerti bilen) görnüşinde bolmalydyr;

3) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möhletlerden az bolmaly däldir.

Beýleki daşary ýurt döwletleri üçin hünär bilimi maksatnamasyny özleşdirmegiň kadalyk ölçeg möhleti Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESCO) tarapyndan tassyklanylan, Bilim klassifikasiýasynyň Halkara standartynda bellenen möhletlere laýyk gelmelidir.

 

Mahabat

Okuw resminamalaryň terjimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

 

Türkiýede okamak üçin maslahat almak üçin Atawatan Danyşmanlyk LTD ýüz tutup bilersiňiz

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul 

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com        

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00 (Türkiye)

 

Rastgele Haberler

Türkmenistan ve AB İlişkilerinde yeni dönem

Temmuz 19, 2019 - 10:41 AM
Son dönemde Türkmenistan –AB ilişkileri ile ilgili gelişmeler artmaktadır. Yakında Avrupa Birliği (AB) Dışişleri ve Güvenlik Politikaları Yüksek Temsilcisi Federica Mogherini Aşkabat’i ziyaret etmişti. Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, Avrupa Parlamentosu tarafından
Daha fazla oku

1.Hazar Ekonomik Forumu Cenevre’de tanıtıldı

Nisan 10, 2019 - 11:55 PM
Türkmenistan’ın bu sene 12 Ağustos tarihinde Avaza turizm bölgesinde ev sahipliği yapacağı Hazar Denizi’ne kıyısı bulunan ülkeler ve diğer ülkelerden çok sayıda heyetin katılması beklenen 1.Hazar Ekonomik Forumu Cenevre’de tanıtıldı. Türkmenistan’ın Cenevre’deki Birleşmiş Milletler Daimi
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *