“Huawei” akylly äýnek öndürer

Häzirki wagtda dünýäniň iň uly tehnokompaniýalarynyň birine öwrülen “Huawei” Koreýanyň “Gentle Monster” şereketi bilen bilelikde ilkinji akylly äýnekleriniň önümçiligine girişer. 
Başgaça “smart-aýnek” diýlip atlandyryljak täze önümleriň dizaýnyna hem aýratyn üns berler. Akylly äýnek esasy wezipelerinden daşary eýesine saz diňlemek we Bluetooth hyzmatlaryny hem eder. Şeýle hem äýnek mikrofon, antenna we zarýad çeşmesi bilen hem üpjün ediler. Ýöne onda surata düşüriji enjam bolmaz.
Akylly äýnegiň şu ýylyň iýul aýynda satlyga çykarylmagyna garaşylýar. Onuň bahasy bolsa heniz belli däl.

 

Rastgele Haberler

Hytaýyň ilaty 1,4 milliard adamdan geçdi

Ocak 18, 2020 - 12:36 PM
Hytaýyň ilaty Gonkong, Makao we Taýwan ýaly ýöriteleşdirilen etraplary hasaba alynmazdan, 2019-njy ýylyň ahyrynda 4,67 million adam köpelip, 1,4 milliarddan gowrak boldy. Bu barada Hytaýyň döwlet statistika edarasy habar berýär.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *