Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň raýat awiasiýasynyň wekilleri

2019-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenhowaýollary” Agentliginiň binasynda Aşgabada iş sapary bilen gelen, Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdirliginiň direktory Bahri Kesiçiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda awiagatnawlar ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlayşyldy. Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Raýat awiasiýasy boýunça baş müdirliginiň direktory Bahri Kesiçiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan bilen özärabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasy ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Öz gezeginde, türkmen tarapy döwletiň ulag ulgamyndaky ösüşi we logistika mümkinçilikleri, şeýle hem bu ugurda bilelikde amala aşyryp boljak taslamalar barada belläp geçdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini belläp, olary geljekde hem giňeltmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

 

Rastgele Haberler

Türkmen Lider, video-konferanslı çalışma toplantısı gerçekleştirdi

Ocak 14, 2020 - 6:48 PM
Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, tarımdan sorumlu Bakanlar Kurulu Başkan Yardımcısı, vilayet valileri ve Aşkabat Belediye Başkanı’nın katılımıyla video-konferans eşliğinde çalışma toplantısını gerçekleştirdi. Tolantıda, ülkenin sosyo-ekonomik kalkınması, mevsimlik tarım işlerinin ilerlemesi konuları görüşüldü.
Daha fazla oku

Ýürekden çykýan owazlar : Begenç Hojaýew

Ocak 14, 2020 - 1:36 PM
Bary-ýogy üç harpdan ybarat bolan «saz» diýen ajaýyp sözde, ählimiziň köňlümizi awlap, dünýämize joşgun eçilýän ýaz ýaly ýakym bar. Zehinli kompozitorlar döredýän şirin owazly sazlary bilen ýürekleri nepis duýgulara besleýär. Şeýle zehinleriň biri hem, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *