Halkara gatnaşyklary instituty okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň Diplomatik gullugy üçin administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezi aşakdaky taýýarlyk ugurlary boýunça gysga möhletli (3 aýlyk) okuwlara kabul edýändigini yglan edýär.

  1. Diplomatik poçta we hat alşygy;
  2. Iş dolandyryjylyk (kanselýariýa işi);
  3. Arhiw işi.

Okuw merkezi diplomatik poçta we hat alşygy hem-de Arhiw işi ugurlaryna – ýokary bilimi bolan, iş dolandyryjylyk ugruna – orta hünär bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlaryny test görnüşindäki giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda, önümçilikden aýrylmak şerti bilen kabul edýär.

Dalaşgäriň tabşyrmaly resmi kagyzlarynyň sanawy:

– bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

– bellenilen nusgadaky sowalnama;

– ýokary (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

– Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

– soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

– 3*4 möçberde 6 (alty) sany fotosurat;

– işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

         Dalaşgäriň resmi iş kagyzlary  2019-njy ýylyň 1 – 25-nji marty aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kabul edilýär.

         Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlar üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

         Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2019-njy ýylyň 27-nji martynda geçirilýär.

         Giriş synaglary ähli hünärler boýunça Türkmenistanyň taryhy, iňlis dili, türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça geçirilýär.

         Giriş synaglaryň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan diňleýjilige  kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

– harby gullugy tamamlap gelenler.

 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara  gatnaşyklary institutynyň salgysy: Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy. Tel: 22-02-63; 22-68-45.   

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *