Bil Geýts gamburga nobata dursa...

Ýalňyşmadyňyz. Şu habaryň suratynda görýäniňiz, «Forbesiň» sanawynda 1995-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli iň baý milliarderleriň hatarynda birinji orny hiç kime bermän gelen Bil Geýts. Ýagny «Maýkrosoftuň» esaslandyryjy, ençeme ýyllyk ýolbaşçysy. ABŞ-ly Maýk Galos atly bir raýatyň düşüren suratynda dünýäniň iň baý milliarderi adaty adamlar ýaly, öz nobatyna kaýyl bolup, gamburg almaga garaşýar. Ol «Feýsbugda» paýlaşan bu suratynyň ýanyna şeýle ýazdy: «100 milliard dollarlyk gymmatyň bar, dünýä taryhynyň iň baý kompaniýasyny dolandyrýarsyň, şeýle elýetmez halyňa-da gamburg we bir bulgur kola almak üçin nobata durup bilýärsiň...». Suratyň we onuň ýazgysynyň teswirleri hakynda, özüňiz pikir edip görüberiň!

22 ýyllap «Forbesiň» sanawynyň çür depesinde oturan milliarder geçen ýyl öz ornuny «Amazonyň» eýesi Jeff Bezosa berdi. 2018-nji ýylyň maglumatlaryna görä, Bil Geýtsiň şahsy serişdesi 95,4 milliard dollara ýetýär. Bu suratda bolsa islendik wagtda her birimiz ýaly, gamburga nobata durup biljek derejede kiçigöwünligini görkezen milliarder dünýäniň iň baý haýyr-sahawat gaznalarynyň hem biriniň esaslandyryjysy. 2000-nji ýylda aýaly bilen esaslandyran haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleri 2013-nji ýylda 35 milliard dollara çenli ýetipdi.  2014-nji ýylyň fewralynda «Maýkrosoftyň» ýolbaşçylygyndan çekilen Bil Geýts indi kompaniýanyň ýolbaşçysy Satýa Nadellanyň maslahatçysy.

 

Rastgele Haberler

Türkmenistan ile Macaristan ekonomik işbirliğini arttıracak

Ocak 6, 2020 - 10:44 AM
Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov’un imzaladığı kararname çerçevesinde Türkmenistan-Macaristan Hükümetlerarası Ekonomik İşbirliği Komisyonu'nun Türkmen tarafı üyeleri belirlendi. Söz konusu kararın, Türkmenistan ile Macaristan hükümetler arasında ekonomik işbirliği anlaşması kapsamında alındığı belirtildi.
Daha fazla oku

Türkmenistan’da renkli cam üretimi

Ocak 10, 2020 - 10:39 AM
Şubat 2018 senesinde Ahal vilayetinde hizmete açılan Türkmenistan Sanayi ve Haberleşme Bakanlığı Türkmensanayi Ajansı’na bağlı Türkmen Cam Ürünleri Fabrikasında renkli cam üretimine başlandı. Mavi ve yeşil boyalı cam (yaklaşık yarım milyon metrekare) üretimi gerçekleştirildi. Tekrarlanan işlemde ve uzun süreli kullanımda renk değişmediği görülmüştür.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *