Indi aýakgaplar hem «akylly»

Aýakgap satyn alanymyzda ölçegi bilen gyzyklanmak ýa-da kiçi aýakgap sebäpli, ejir çekmek ýaly müşgillikler indi taryhda galyp biler. Munuň üçin biz barha ösýän tehnologiýa hoşallyk bildiräýmeli.

«Nike» kompaniýasynyň eýýäm fewral aýynda satlyga çykarjak täze sport aýakgaplary öz ölçeglerini aýaga görä dogurlar. Aslynda, bu aýakgaplar 2016-njy ýylda tanyşdyrylypdy. «Hyperadapt» diýlip atlandyrylýan sport aýakgaby şol tanyşdyrylyş dabarasynda edilen bellikleri özleşdirip, kämil görnüşde alyjylaryna gowşar. Özi-de aýakgaby geýip, onuň aýagyňa laýyk halyna gelmegi üçin garaşmagyň hajaty ýok. Hereketli ýagdaýda hem aýakgap aýaga laýyk görnüşe geçmäge ukyply bolar. Hatda bagjyklaryny hem özi daňar.

«Akylly» sport aýakgabynyň täsinlikleri bular bilen hem çäklenmeýär. Biler bolsaňyz, «Adapt BB» atly ýörite programmanyň üsti bilen ony öz smartfonyňyzdan hem dolandyryp bilersiňiz. Batareýasy USB baglaýjy bilen zarýadlandyrmak mümkinçilige eýe bolan aýakgabyň ilkinji nusgalary basketbolçylar üçin niýetlenildi. «Hyperadapt»-ly basketbolçylaryň indi oýnuň dowamynda aýakgabynyň bagjygy çözülmek ýa-da aýagyny çişirmek ýaly endişesi bolmaz.

350 dollar nyrh kesilýän aýakgaplar 17-nji fewralda ABŞ-da satylyp başlanar. Kompaniýa ýakynda sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanýan türgenler üçin şeýle aýakgaplary öndürip başlamagy meýilleşdirýär.

Rastgele Haberler

Bahçeşehir uniwersiteti türkmen talyplaryna garaşýar

Ocak 16, 2020 - 12:52 PM
“Stambulyň ýüregi” diýen şygara mynasyp bolan ýokary okuw mekdepleriniň biri Bahçeşehir uniwersitetidir (BAU). Stambulyň Beşiktaş etrabynda bogazyň kenarynda ýerleşýän bilim ojagynyň esasy binasy Günüň dogýan pursatyndan başlap, tä Gün ýaşýança köp adamly bolýar. Şeýle ýagdaý uniwersitetiň ähli künjegini gurşandyr.
Daha fazla oku

Türkmenistan’da renkli cam üretimi

Ocak 10, 2020 - 10:39 AM
Şubat 2018 senesinde Ahal vilayetinde hizmete açılan Türkmenistan Sanayi ve Haberleşme Bakanlığı Türkmensanayi Ajansı’na bağlı Türkmen Cam Ürünleri Fabrikasında renkli cam üretimine başlandı. Mavi ve yeşil boyalı cam (yaklaşık yarım milyon metrekare) üretimi gerçekleştirildi. Tekrarlanan işlemde ve uzun süreli kullanımda renk değişmediği görülmüştür.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *