Aýda ekilen pagta doňdy

Ozalky täzeliklerimiziň birinde Hytaýyň «Chang’i 4» älem gämisiniň Aýyň «tümlük» tarapyna gonandygyny habar beripdik. Dünýäniň internet saýtlarynda birki günlükde çykan habarlarda bolsa älem gämisiniň Aýa ýöne bir «myhmançylyga» baryp gaýtman, eýsem gowaça ekip gaýdandygy hem ýüze çykdy. Ýöne Aýdaky «ekerançylygyň» ömri juda gysga boldy. Gije – 170 gradusa ýeten sowuk gowaçany tutuşlygyna doňdurdy.

Gowaça, alaga-da, açyk şertlerde Aýyň topragyna oturdyldymy? Ýok. Ony dünýäden äkilden topraga, onada-da bir gutynyň içinde oturtdylar. Gowaça «ideg» bolsa dünýäden amala aşyryldy.

Taslama gözegçilik edýän toparyň ýolbaşçysy Hie Jengsin bu ýagdaýy: «Tohumlaryň doňmagyna garaşýardyk. Olar gutuda bolsa-da, Aýdaky ýokary derejede sowuga çydam edip bilmez».

Eýsem, Aýdaky «ekerançylyk» näme üçin gerek? Alymlar muny Marsa syýahat etmegiň bir ýoly hökmünde düşündirýärler. Häzirki tehnologiki mümkinçilikler bilen Marsa ýetmek üçin 2,5 ýyl gerek bolar. Eger Aýda azyk üpjün edip bolsa, Marsyň syýahatçylaryny ýakyn aralykdan azyk bilen üpjün etmek has amatly boljak.

Rastgele Haberler

Sözlerıň Ylmylyk we Göçmelık Güýjı Hakynda

Ocak 5, 2020 - 1:47 AM
Türk diliň güýji hakynda merhum türk alymy Prof. Dr. Doğan Aksan ýedi gezek ölçäp, (1987; 1990; 1993; 1997; 1998; 1999; 2001) anyk netijeleri alypdy. Biz hem tejribeli türk alymyndan ugur alyp, bu meselä tapawutly tarapdan çemeleşmekligi göz öňünde tutduk. Has dogrusy, bu makalada türkmen dilinde ulanýan sözlerimiziň şu
Daha fazla oku

Türkmen gazy gündogarda

Ocak 18, 2020 - 12:21 PM
Hytaýyň “Sinhua” habarlar agentliginiň habar bermegine görä, 2019-njy ýylda 47,9 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz üstaşyr gaz geçirijileriň üsti bilen Merkezi Aziýadan Hytaýa gönükdirildi. Onuň esasy bölegi bolsa Türkmenistanyň paýyna düşýär.
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *