Watanymyzyň Ykdysady Kuwwatynyň Hatyrasyna

Şu gün ata Watanymyzda Türkmenistanyň Nebitgaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen,  ýurdumyzda her ýylyň 14-nji dekabrynda nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň hünär baýramy bellenilýär. Indi birnäçe ýyl bäri her ýylyň 14-nji dekabry – Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni döwlet derejesinde ýokary derejede bellenilmegi nebitgaz we geologiýa işgärleriniň ýadawsyz zähmetine bildirilen uly hormatdyr we sarpadyr.

Türkmenistan  tebigy baýlyklaryň ülkesi bolup, gazylyp alynýan uglewodorod serişdeleri babatda dünýäde iň öňdäki orunlarda durýan ýurtdyr. Nebitgaz  senagaty pudagynyň işgärleri “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” şonuň ýaly-da,  “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli  Maksatnamasynda” bellenen wezipelerini durmuşa geçirmek üçin iş alyp barýarlar.

Şol işler bilen bir hatarda, döwletimiziň ýangyç-energetika toplumynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça hem-de uglewdorod serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak  barada giň gerimli özgertmeler ýaýbaňlandyrylýar. Mähriban Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen, ulgamyň edara-kärhanalarynyň tehniki taýdan yzygiderli enjamlaşdyrylmagy ata Watanymyzyň dünýäniň esasy önüm öndüriji ýurtlarynyň arasynda özüniň mynasyp ornuny tapmagyna, öndürýän önümleriň möçberini barha artdyryp, dünýä bazarynda durnukly ýerlemäge mümkinçilik berýär.

Döwletimizde  energiýa syýasatyny üstünlikli alyp barmak üçin milli ykdysadyýetimiziň möhüm ösüş çeşmesi bolan nebitgaz önümçiligini artdyrmaklyga üns berilýär. Nebitgaz önümçiligini ösdürmek bolsa, nebithimiýa we gazhimiýa ulgamy bilen berk baglanşyklydyr. Bu ugur soňky ýyllarda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmekligiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Nebithimiýa we gazhimiýa ulgamyny ösdürmek döwletimiziň baý uglewodorod serişdelerini peýdaly hem-de netijeli ulanmak hem-de energiýa serişdelerini gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak babatda öňe sürülýän strategiýalaryň biri bolup, bu ugurda anyk ädimler ädildi.

Bu barada aýdanymyzda, “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly  ýylynyň guwandyryjy şanly wakalary bolup taryha giren, Hazaryň kenaryndaky Garabogaz şäherinde  her ýylda 1 milliard kub metre golaý tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli karbamidiň 1 million 155 müň tonnasyny hem-de 660 müň tonna ammiagy öndürmeklige niýetlenen “Garabogazkarbamid” zawody, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumy gurlup ulanylmaga berildi.

Nebitgaz senagatyna degişli täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitlerimizi toplumlaýyn senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi okgunly ösdürmek, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak wezipelerini çözmäge gönükdirilendir.

 “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly  ýylynyň taryhy üstünlikleriniň biri hökmünde 23-nji fewralda “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan“ gaz geçirijisiniň türkmen, owgan serhedinde ilkinji turbasy goýlup, şol ugur boýunça optiki süýümli aragatnaşyk we elektrik geçirijileriň düýbi tutuldy hem-de Serhetabat-Turgundy aralygyndaky demir ýolunyň açylyş dabarasyny bellemek bolar.

Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda önümçilik depgini we gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň möçberi düýpli derejede artdy, energiýa serişdelerini ibermek ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem ýola goýulýar. Ýurdumyz energetika toplumyna degişli uly sebitara we halkara derejesindäki taslamalary durmuşa geçirýär. Türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmak barada öňe süren başlangyçlar iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan“ gaz geçirijisiniň gurluşyk işleri batly depginde alnyp barylýar. Bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe oňa gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ösüşine oňaýly täsirini ýetirer.

 Ýurdumyzyň  nebitgaz senagatynyň agzybir işgärleri üstümizdäki ýyly öz öňlerinde goýlan maksatnamalary üstünlikli berjaý etmek üçin, iş ýerlerinde yhlasly, guramaçylykly zähmet çekdiler we geljek ýyllarda edilmeli işleriň meýilnamalaryny, taslamalaryny işleýärler hem-de özleri üçin döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş aýdýarlar.

 Türkmenistanyň Nebitgaz senagatynyň we geologiýa işgärleriniň güni bilen „gara altyn“ we „mawy ýangyç“ ussatlaryny hem-de geologlary tüýs ýürekden gutlaýarys! Olara asylly kärlerinde mundan beýläkde-de uly üstünlikleri gazanmaklaryny we ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris!

Rastgele Haberler

Rusya Hazar Sözleşmesini onayladı, sıra İran’da

Ekim 3, 2019 - 5:11 PM
Hazar Denizi’ne kıyısı bulunan 5 ülke; Türkmenistan, Rusya, Kazakistan, İran ve Azerbaycan tarafından 12 Ağustos 2018 tarihinde Kazakistan’ın Aktau kentinde imzalanan Hazar Denizi’nin hukuki statüsü Sözleşmesi onaylama sürecinden geçmektedir.
Daha fazla oku

Taryhda iň uzyn laýner öndürildi

Mart 21, 2019 - 9:08 AM
Amerikanyň “Boeing” kompaniýasy “Boeing 777x” kysymly uçarynyň täze nusgasyny – ýagny, dünýäde iň uzyn laýneri öndürdi. Täze uçaryň uzynlygy ozalky rekordyň eýesi bolan “Boeing 747-8” nusgasyny hem yzda galdyrýar.
Daha fazla oku

Çalık Holding iki şirketiyle dünya listesinde

Ağustos 26, 2019 - 11:28 PM
Türkmenistan’da hayata geçirdiği başarılı projeleriyle adından söz ettiren Çalık Holding iştiraklerinden Çalık Enerji ve Gap İnşaat ENR listesinde. Atavatan Türkmenistan uluslararası dergisinin www.atavatan-turkmenistan.com sitesinin ENR 2019 listesinden derlediği bilgilere göre, Çalık Holding iştiraklerinden
Daha fazla oku

İleti bırak

E-mail adresiniz yayınlanmıyacaktır. Gerekli alanlar işaretlenmişti *