TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Täze Arkadag şäheri Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti ýurtlaryna tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynda (UNESCAP) Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Maşalow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-ň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiah Alisjahbana bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi UNESCAP-yň dowamly goldawyny belläp we şu ýylyň maý aýynda geçiriljek UNESCAP-ň 79 mejlisinde kabul edilmäge meýilleşdirilýän Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Aral deňzi boýunça rezolýusiýanyň kabul edilmegi boýunça gurama tarapyndan berilýän goldawa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra täze Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu nukdaýnazardan,  Ahal welaýatynda täze şäheriň gurulmagynyň, döwlet binýadyny berkitmäge, milli ykdysadyýetiň kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri göwrümli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysalydygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda, duşuşygyň guralmagyna minnetdarlyk bildirip, Ilçi UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle