TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy üçin täze saýt

Şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda we dünýäniň dürli künjeginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýramçylygy uludan bellenýär. Bu şanly senä mynasybetli dürli çäreler geçirildi we geçirilýär.

Şu ýylyň 11-12-nji dekabrynda bolsa, “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahaty geçiriler. Bu uly syýasy forum üçin “ www.neutrality.gov.tm  ”  atly ýörite internet saýty döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen bu internet sahypasy Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy. Saýtyň baş wezipesi şol maslahata, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan iri çärelere, bu şanly sene bilen bagly möhüm wakalara taýýarlyk görlüşini we barşyny beýan etmekden ybaratdyr.

Şu web-sahypada hem degişli görnüşleri dolduryp maslahata gatnaşmaga elektron görnüşde arza bermek bolýar we şahsy maglumatlar işlenilenden soňra onlaýn görnüşde hasaba aldyryp bolýar. Saýt “ www.neutrality.gov.tm ” salgy boýunça ýüzlenen her bir isleg bildirene halkara forum hem-de onuň iş maksatnamasy barada giňişleýin bilmäge, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ösüş strategiýasy hem-de ykdysadyýeti we durmuş ulgamyndaky üstünlikler barada umumy maglumatlary, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamyndaky gazanylanlar barada umumy maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Täzeliklerden başga-da, ýurdumyzyň halkara durmuşyna degişli maglumatlary görkezýän fotosuratlar hem-de arhiw neşirleri bar. Ulanyjylar tarapyndan saýtda «şahsy otagy» açmak we ikitaraplaýyn aragatnaşyk mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr. Şolaryň kömegi bilen maslahatyň guramaçylyk toparyna elektron habarlary, soraglary, teklipleri, isleg-arzuwlary ibermek mümkin.

Täze internet sahypasynyň oňaýly gurluşy hem-de häzirki zaman bezegi ondan has ýönekeý, tiz we ulanyjylar üçin amatly ugur almaga ýagdaý döredýär.

Türkmenistanda bolup geçýän oňyn özgertmeleri we halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde yhlasly zähmet çekýän “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň döredijilik topary hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli bäsleşik gurnamagy meýilleşdirýär. “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň “ www.atavatan-turkmenistan.com ” saýty türkmen, rus, iňlis hem-de türk dillerinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti we durmuş ulgamyndaky üstünlikleri barada makalalar taýýarlap, internet sahypasy arkaly dünýä jemgyýetçiligine gyzgyny bilen ýetirmek ugrunda işleýär.

www.atavatan-turkmenistan.com  ” saýtynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy üçin döredilen täze saýtyň goşundysy ýerleşdirilip, iri syýasy foruma bagyşlanan saýtyň has köp okyja ýetirilmegine mümkinçilik döredildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň maslahatyna gatnaşdy

Sindzo Abe üçin döwlet derejesinde matam çäresi guraldy

Türkmenistan – ABŞ: harby ulgamda hyzmatdaşlyk

Teswirle