JEMGYÝET

Türkmenistanly hüjümçi özbek toparynda

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow Özbegistanyň «Nawbahor» toparynyň türgenleşiklerine goşuldy. «Ol 10-njy ýanwarda başlan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda gözden geçiriljek 11-nji daşary ýurtly futbolçy boldy» diýip, klubyň resmi saýtynda ýazylýar.

Şu aýyň 26-synda 28 ýaşyny doldurjak hüjümçi Russiýanyň «Rubin», «Neftehimik», «Rostow», Moldowanyň «Daçiýa», Türkiýäniň «Osmanlyspor», Azerbaýjanyň «Sabail», Türkmenistanyň «Altyn asyr», «Ahal» ýaly klublarynda futbol oýnap, geçen möwsümi Gyrgyz Respublikasynyň «Dordoýynda» geçirdi. Ol möwsümi çempionlyk bilen tamamlan «Dordoýyň» düzüminde 28 duşuşyga gatnaşyp, şolarda 20 gezek tapawutlandy we gyrgyz çempionatynyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Wahyt Orazsähedow 2016-njy ýyldan bäri Türkmenistanyň futbol ýygyndysynda oýnap gelýär.

«Nawbohoryň» milli ýygyndymyzyň goragçysy Şöhrat Söýünowy hem gözden geçirýändigini aýtmak gerek.

Ýene-de okaň

Täze taslamalar türkmen-owgan gatnaşyklarynda täze sahypany açýar

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Owganystan möhüm taslamalara badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrýar

TIF-2024: Türkmenistanyň ykdysady ösüşi 6.3 göterim derejede saklanýar