TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi : Energetika hyzmatdaşlygy

2018-nji ýylyň 11-12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Brýusselde iş saparynda boldy.

 

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Energetika bileleşigi Ýewropa Komissiýasynyň Başlygynyň Orunbasary j-p Maroş Şewçowiç bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi (ÝB) bilen energetika ulgamynda özaragatnaşygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Şol gün ÝB-niň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili h-m Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda geljekdäki hyzmatdaşlygyň we aragatnaşygyň nukdaýnazarlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar sebitleýin howpsuzlygyň meselelerine degip geçdiler.

 

Soňra Ýewropa Komissiýasynyň mobillik we ulag boýunça Kabinetiniň başlygy j-p MateŽ Zakonşek bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýany Ýewropa ýurtlary bilen birleşdirip biljek ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynda durnukly ulag pudagyndaky rezolýusiýalary baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, bu ugur boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan strategiýanyň Ýewropanyň we Aziýanyň özarabaglanşygy boýunça Ýewropa Bileleşiginiň strategiýasy bilen gabat gelýändigi bellenildi.

 

Soňra Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň özaragatnaşygynyň meseleleri Ýewropa Parlamentiniň deputatlarynyň we Ýewropa Komissiýasynyň düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Teswirle