Türkmenistan 2020-nji ýylda birnäçe ugurda halkara konwensiýalara goşular. Bu barada şu ýylyň 10-njy ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde bellenilip geçildi. 2020-nji ýylda türkmen döwletiniň goşulmagy meýilleşdirýän halkara konwensiýalary we beýleki namalary barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat bilen çykyş etdi.
2020-nji ýylda goşulmagy göz öňünde tutulan halkara namalar şeýle:
- Ykdysady ugur boýunça Araçylygyň esasynda gazanylan halkara ýaraşyk ylalaşyklary hakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýasy bar. Bu resminama söwda jedellerini çözmegiň täsirli usuly hökmünde araçylyga ýardam bermegiň guraly bolup durýar.
- Ulag ugry boýunça Halkara awtomobil baş ýollar hakynda Ýewropa ylalaşygy bar. Bu resminama Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň işi alnyp barylýan sebitde halkara ýol ulgamynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.
- Daşky gurşawy goramak ugry boýunça Durnukly organiki hapalaýjylar hakynda Stokgolm konwensiýasy bar. Bu konwensiýa durnukly zäherli maddalaryň – organiki pestisidleriň ulanylmagyny bes etmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyna Düzediş atly resminama daşky gurşawa ýaramaz täsirli maddalaryň önümçiliginiň we sarp edilişiniň yzygiderli azaldylmagyna gönükdirilendir.
- Medeni-ynsanperwer ugry boýunça medeni taýdan özüni görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakynda Konwensiýasy bar. Bu resminama dürli medeniýetleriň birek-birege täsiriniň erkinligi üçin şertleri döretmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
- Intellektual eýeçilik ugry boýunça Patent hukugy hakynda Şertnama bar. Bu şertnama milli patent ýüztutmalaryna we patentlere garamagyň amalyny kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan köptaraplaýyn halkara resminamalarynyň 152-sine gatnaşýar. Şolaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary tarapyndan kabul edilen Konwensiýalaryň 133-si bar.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň goşulmagy göz öňünde tutýan halkara namalarynyň teklibi oňlady we bu barada degişli işleriň geçirilmegi babatda tabşyryklar berdi.