TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde Makul Hyzmat Terjime Merkezi işläp başlady

Türkmenistanyň Paýtagty Aşgabat şäherinde hyzmat berýän Makul Hyzmat Terjime Merkezi indi Türkmenabat şäherinde!   Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň baş direktory Altyn Nurmuhammedowanyň Atawatan Türkmenistan halkara Žurnalyna habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň merkezi şäheri-Türkmenabat  şäherinde işläp başlan Makul Hyzmat Merkezi, şäheriň merkezi ýerleriniň birinde, “Gök bazary” diýlip tanalýan merkezi bazarynyň ýanynda ýerleşýän “Lezzet” söwda merkeziniň 3-nji gatynda hyzmat berýär. Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň Türkmenabat ofisine, Makul Hyzmat Terjime merkeziniň baş direktorynyň orunbasary Maral Taňňyýewa ýolbaşçylyk edýär. Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary indi, Paýtagta gelmezden ähli resminamalaryny taýýarlap, Türk Bilim geňeşliginiň talabyna laýyk ähli amallaryny tiz, amatly bahadan we ýokary hilli terjime hyzmatyny alyp bilýärler.

Ýalňyş terjimeler üçin goşmaça töleg tölemäň!

Makul Hyzmat Terjime Merkezi,  Türkmenabat we Aşgabat şäherinde hereket edýänligi sebäpli, çäklerde terjime amallarynda döräp biläýjek ýalňyşlyklary  Aşgabat şäherindäki merkezi ofisiniň üsti bilen mugt aradan aýryp berýänligi sebäpli, talyplaryň terjime amallarynda dörän ýalňyşlyklar üçin öz welaýatlaryndaky terjime merkezine täzeden gitmek ýa-da ikinji gezek töleg töläp Paýtagtdaky terjime merkezlerine gitmek zähmetinden azat bolýandygyny habar berýär.

Şol bir resminamanyň terjimesi üçin iki gezek töleg tölemäň!

Makul Hyzmat Terjime merkezi Türk ilçihanasynyň kabul edýän terjime merkezleriniň sanawyna girýän terjime merkezi bolup durýanlygy sebäpli, talyplar okuwy gazanan wagty Türkiýe talyp wizasyny almak üçin  şol bir resminama üçin iki gezek terjime merkezine töleg tölemekden azat bolýarlar.

Terjimede halkara hyzmatdaşlygyň hözirini görüň!

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Atavatan Danışmanlık LTD Terjime merkezi bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýan Merkez, ýerli we halkara täjirçilik resminamalaryň,  ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw jaýlaryna girmek we olaryň diplomlaryny tassyklamak we beýleki resminamalaryň terjime hyzmatlaryny onlaýn terjime we töleg mümkinçilikleri bilen hödürleýär. Habarlaşmak üçin  Aşgabat şäheri boýunça +993  63 78 96 73 , +993 12 96 48 55, Türkmenabat şäheri boýunça +993 63 16 34 69 belgilerine ýüz tutup bilersiňiz. Biziň resmi instagram sahypamyz üçin https://www.instagram.com/makulhyzmat

Makul Hyzmat IMO hasabyna goşulyň :

Aşgabat Ofis

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. Kat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com   

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Türkmenabat Ofis

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Teswirle