TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary dowam edýäler

2019-njy ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary hanym Abe Toşikonyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara hereket etmek arkaly ýurtlaryň ikisiniň hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde halkara başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň wajylygyny bilen belläp geçdiler. Hanym Abe Toşiko Ýaponiýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hemişe özarabähbitli bolup durýandygyny, Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň we «açyk gapylar» syýasatynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýändigini belläp geçdi. Şeýle hem duşuşygyň barşynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda özarabähbitli hem-de netijeli gatnaşyklary giňeltmek mazmunynda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenilip geçildi.

Soňra Türkmenistanyň wekiliýeti Toçigi prefekturasynda ýerleşen «Nissan Motor Toсhigi plant» zawodyna bardy, bu ýerde senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşuklary geçirdi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalaryna ýokary hilli awtoulaglary, şol sanda awtoulaglaryň sport görnüşleriniň önümçiliginiň dürli ugurlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik döredildi.

Soňra türkmen wekiliýeti galyndylary gaýtadan işleýän «Tokyo Super Eco Town» zawodyna bardy, bu ýerde senagat hem-de hojalyk galyndylaryny gaýtadan işlemegiň we olaryň gaýtadan peýdaly ulanmagyň aýratynlyklary öwrenildi.

Agşam Türkmenistanyň wekiliýetiniň hormatyna Ýaponiýanyň Parlamentiniň adyndan Wekiller palatasynyň ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýapon tarapyndan başlygy jenap Endo Tosiakiniň ýolbaşçylygynda agşamlyk nahary berildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Döwlet Dumasynyň Başlygy şu gün Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen hüjümi ýazgardy

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Teswirle