TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherinde

2019-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň fewral aýynyň 21-ne çenli dowam etjek Ispaniýa Patyşalygynyň Madrid şäherine iş sapary başlady.

Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýeti Ispaniýanyň Oba hojalyk we azyk senagaty boýunça Baş sekretary, TYPSA kompaniýasynyň Prezidenti, Cobra kompaniýasynyň Baş direktory, şeýle hem Amiantit kompaniýasynyň Baş direktory bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklaryň barşynda oba hojalygyna we senagat pudagyna degişli meselelere garaldy we bu ugurlarda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ispaniýa sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Patyşasyndan Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

BMG-den Türkmenistana ulag forumy üçin minnetdarlyk

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny gutlady

Teswirle