Türkmen talyplarynyň beýik ýeňşi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary – Hytaý Halk Respublikasynda geçirilen robotlar boýunça Halkara  “RoboRAVE Asia 2017”  bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy “RoboRAVE” – robotlar boýunça Halkara bäsleşik. Onuň esasy maksady interaktiw usulyna goldaw bermek we zehinli ýaşlary orta çykarmakdyr. Mundan başga-da ylmy barlaglarda ukyply we ýokary tehnologiýaly innowasion bazaryna gerekli robotlary hödürlemekdir. Bäsleşik ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 2001-nji ýylda geçirilip başlandy we häzirki wagtda dünýäniň sekiz döwletinde, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynda, Ýaponiýada, Meksikada, Ispaniýada we Fransiýada  ýokary derejede geçirilýär.

Bu ýyl geçirilen bäsleşige onlarça döwletlerden  ýüze golaý toparlar gatnaşyp, olaryň arasynda innowasion roboty (Robotovate Challenge); ýangyn söndüriji robot (Fire Fighting Challenge); göni ugra hereketlenýän roboty (Line Following Challenge); dag roboty (Alpinebot Challenge); söweşiji roboty (Jousting Challenge) ýaly dürli ýaşdaky kategoriýalaryň içinde iň gowysy bolmak üçin bäsleşdiler. “Innowasion robot” (Robotovate Challenge) kategoriýasy görnüşinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýörite taýýarlyk geçen  topary, ýagny toparyň kapitany Mähri Ilmedowa we toparyň agzalary Aýlar Mehtiýewa, Döwran Nobatow, Didar Hydyrberdiýew iň gowy prezentasiýa  bilen baş baýraga eýe boldy. Türkmen topary gündelik durmuşymyzdaky meseleleriň birisi bolan, ykjam telefonlary bakteriýalar  taýdan arassalamak proýekti  bilen has hem halkara emin agzalaryň höwesini özüne çekdi.

          Bilşimiz ýaly ykjam telefonlary hemmämiz günümiziň uly böleginde ulanýarys we onuň gigiýena tarapyndan arassa ulanylşyny we telefonyň daşynda nähili bakteriýalaryň bardygyny bilmeýäris. Statistikalaryň görkezmesine görä, dünýäde 3,7 milliard adam ykjam telefon ulanýar we her gezek ykjam telefonyna elini degirende, 25000 bakteriýalary geçirip bilýär.  Ykjam telefonynyň ýokarky gatlagyny bakteriýalardan arassalamak üçin – biziň talyplarymyzyň bu meseläni çözmäge örän gowy pikiri hödürlediler. Bäsleşikde robotyň prototip görnüşi sergilendi. Prototip taýýarlanylanda mikrodolandyryjy Arduinoo uno R3 prossesor, Lego motorlary herekete geçirmek üçin Lego shield, robotyň göwrümini düzmek üçin Lego Mindstrom parts, ykjam telefony hereket etdirmek üçin iki sany  Lego Motor, Anibakteriýal spreýi işletmek üçin Airwiçkiň motor konstruksiýasy, telefon robotyň içine girenini kesgitlemek üçin iki sany Infrared sensor, spreýi sepdirmek üçin Relay ýaly mehanizlerde düzülip görkezildi.  Toparyň esasy maksady, ykjam telefonlaryň ulanylşy we sanynyň artmasy bilen olary arassalap biljek täze innowasion enjamlaryň gerekdigi görkezmekdi. Bäsleşigiň şertine görä emin agzalarynyň we ýörite çagyrylan myhmanlaryň ses berlişigi arkaly ýeňijiler ykrar edildi. Netijede, innowasion robot ugry boýunça iň köp ses alan topar Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýörite taýynlyk geçen topary boldy.

Okap bilersiňiz  Ýewro-2020: Eriksen hemmeleri gorkuzdy, Russiýa ýeňildi

Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallymy Didar Haýytow tarapyndan ýörite taýýarlanylan uniwersitetiniň topary üstünligiň göreldesi bolmagy başardy. Halkara bäsleşige taýýarlygyň ilkinji tapgyry uniwersitetiň talyplarynyň arasynda robotlary programmirlemek boýunça 2016-njy ýylyň 31-nji maýynda geçirildi.  Bu bäsleşik gatnaşyjylara diňe bir gaýduwsyzlyk duýgusyndan başga-da olara täze innowasion tehnologiýalar dünýäsine gapy açyp berdi. Şeýle hem bäsleşikde ýeňiji bolan topar halkara “RoboRAVE” bäsleşige gatnaşdy.

Häzirki wagtda kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasy: Kompýuter tehnologiýasy, Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi, Maglumat we kommunikasiýa tehnologiýasy ugurlary boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlaýar. Ýaş hünärmenler we olaryň mugallymlary gazanan üstünlükleri bilen çäklenmän, eýsem geljekde Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda innowasyon tehnologiýalary we robotlar boýunça bäsleşikleri gurnamagy meýilleşdirýärler. Bulardan başgada ýaş hünärmenlerimiz geljekki halkara bäsleşikleriň taslamalarynyň üstünde işleýärler.

Okap bilersiňiz  "Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki gatnawlaryň sanyny artdyrdy

 

Didar Haýytow, Kerim Jumaýew

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy

ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Günlük täleýnama...
Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol boýunça Ýewropa çempionaty başlady. Düýn gije 00:00-da ilkinji duşuşyk geçirildi. "A" toparda çykyş edýän Italiýanyň milli ýygyndysy Türkiýäniň milli ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňmegi başardy. ITALIÝADAN TARYHY REKORD Şeýlelikde, Italiýanyň milli ýygyndysy 2018-nji ýylyň 10-njy sentýabryndan bäri, resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşyklarynda bassyr 28 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýär. Bu ýurduň taryhyndkay täze bir rekorddyr. Bu döwürde...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň işini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi. Şoňa görä, häzirki wagtda Halkara gatnaşyklar institutynda fakultetleriň 4-si, kafedralaryň 6-sy, merkezleriň 3-si hereket edýär. Institutyň işiniň kämilleşdirilmegi babatda iki basgançakly bakalawr we magistr bilim maksatnamasyna geçmek üçin öňümizdäki okuw ýylynda ýokary okuw mekdebinde tölegli esasda käbir ugurlary açmak teklip edilýär. Geljek ýyllarda...
Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy. Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň,...
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ýurdumyzda sementiň täze görnüşiniň önümçiliginiň ýola goýlandygy barada hasabat berildi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň garamagyndaky sement zawodlarynda aktiw mineral goşundylary — bazalt porfiritleri we opoka çig malyny goşmak arkaly portlandsementiň önümçiligi ýola goýuldy. “Balkan” kän müdirliginiň bazalt porfiritleriniň “Ufra” ýatagynyň we Lebap welaýatynyň Döwletli etrabyndaky Akbulak...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
833TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar