2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-italýan işewürler maslahaty geçirildi we oňa gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň işewür adamlarynyň wekilçilikli topary Aşgabada geldi.
Işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Italiýanyň wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem söwda, derman senagaty, azyk senagaty, oba hojalyk we senagat tehnologiýalary, inŽener hyzmatlary, ulag we logistika, energetika, nebitgaz senagaty, suw arassalaýjy desgalar, inŽenerçilik tehnologiýalary we gurluşyk pudaklarynda işleýän 33 sany kompaniýanyň wekilleri geldiler.
Maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudak edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, eksporta niýetlenen harytlary öndürýän kärhanalaryň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, onuň esasy wezipesi Türkmenistanyň we Italiýanyň ykdysady mümkinçilikleri bilen birek biregi tanyşdyrmak, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň wekilleri bilen özara bähbitli uzakmöhletleýin gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek boldy. Italiýanyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet strategiýasynyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýän türkmen ykdysadyýetiniň hususy bölegi bilen önjeýli gatnaşyklary ýokarlandyrmakda aýratyn gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem forumyň çarçuwasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, olaryň çäginde iki ýurduň wekilleri özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny we mümkinçiliklerini jikme-jik ara malahatlaşdylar.