TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmen hokkeýçisi Şweýsariýada

Türkmenistan gazetiniň habarçylarynyň habar bermegine görä taryhda ilkinji gezek 15 ýaşly ýaş türkmen hokkeýçisi Nowruz Baýhanow ýurdumyzyň adyndan Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirilýän ýetginjekleriň arasyndaky üçünji Gyşky Olimpiýa oýunlarynda ýurdumyzyň adyndan çykyş edýär. Biziň ýaş türgenimiz ol ýerde ýaşyl tugumyzy parladyp hokkeýiň 3×3 görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşar. Bu Gyşky Olimpiýa oýunlaryna 79 döwletden 2000-e golaý ýaş türgenler gatnaşýar. Olar sportyň gyşky görnüşleriniň sekizisi boýunça 81 medal üçin bäsleşerler. Oýunlara esasan hem, Şweýsariýa, Russiýa, ABŞ we Germaniýa ýaly döwletler wekilçilik edýär. Gyşky Olimpiýa oýunlary 14-18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda geçirilýär. Olimpiýa oýunlary 22-nji ýanwarda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistanyň ýokary sylagy bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Teswirle