TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň meseleleri

2019-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň energetika baradaky komissiýasynyň agzasy, eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Kuroş Karam Pur Hagygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energetika, ulag, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Eýranyň strategiki hyzmatdaşlar bolup durýandyklaryny nygtamak bilen myhman, sebitleýin energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde hem-de parahatçylygyň saklanylmagynda Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny belläp geçdi. Şeýle hem myhman Eýranyň Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldaýandygyny hem-de onuň bitaraplyk derejesiniň çäklerinde biziň ýurdumyzyň başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge taýýarlygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy hakynda nygtadylar.

Şu gün myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy tarapyndan hem kabul edildi.

Ýene-de okaň

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýada saparda bolar

Baş Redaktor

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna bagyşlanan maslahat

UNODC sebit wekili bilen duşuşyk

Teswirle