DÜNÝÄ

Türkmen dokma önümleri halkara sergisinde

Germaniýanyň Frankfurt şäherinde “Hiemtextil-2019” halkara sergisi geçirilýär. Her ýyl geçirilýän bu däbe öwrülen ykdysady gözden geçirilişde dokma önümleri görkezilýär. Oňa dünýäniň ençeme ýurdundan dünýä belli kompaniýalar we dokma önümlerini öndürijiler gatnaşýar. Şeýle iri sergide dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän Türkmenistanyň dokma önümleri hem köpçülige hödürlendi.

Sergide ABŞ, Kanada, Hytaý, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Pakistan, Hindistan ýaly 65 döwletden gelen kompaniýalaryň gatnaşmagynda 3025 diwarlyk taýýarlandy. Bu sergide Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat dokma toplumynyň önümleriniň diwarlygy hem köp sanly myhmanlary özünde jemledi. Arassa türkmen pagtasyndan taýýarlanan hem-de ýokary bezeg işleri geçirilen taýýar önümler uly gyzyklanma döretdi. Bu sergä dünýäniň 135 ýurdundan 70 müňden gowrak adam görmäge geldi.

8-11-nji ýanwar aralygynda 4 gün dowam eden halkara sergisiniň çäklerinde işewürlik duşuşyklary hem geçirildi. Bu ýerde pudagyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda dokma toplumyndaky innowasion özgertmeler barada gyzykly çykyşlar edildi.

“Heimtextil Frankfurt” halkara dokma önümleri sergisi 1971-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şu ýyl 48-nji gezek geçirilýän sergi Ýewropanyň öňdebaryjy sergileriniň biridir.

 

Ýene-de okaň

Nýu-Ýork şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi

Maryda 59 sany täze kotejjler toplumynyň açylyş dabarasy boldy

BAE-niň Merkezi Aziýa maýa goýumlary 13 milliard dollardan geçdi

Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby Türkiýede tanyşdyrylar

Türkiýede Magtymguly Pyraga bagyşlanan konsert geçiriler

Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna wekil bellemegine ynam bildirdi