TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkiýäniň Ilçisi Özüniň Diplomatik Işini Tamamlaýar

2019-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mustafa Kapuju bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda türk diplomaty Türkmenistanda işlän döwrüniň onuň diplomatik işinde aýratyn orna eýedigini nygtady, çünki Türkmenistan we Türkiýe strategiki taýdan möhüm hysmatdaşlar bolup durýandyrlar.

Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar halkara guramalarynyň, hususanda BMG-niň, YHG-nyň, TÜRKSOÝ-yň çäklerindäki hereketleriň oňyn tejribesini aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljekde hem işjeň giňeldilmegi bilen bir hatarda, beýleki derwaýys meseleleriň birnäçesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi özüniň iki doganlyk ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin Daşary işler ministrligine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle