TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkiýedäki Medeniýet günlerinden reportažlar

Erzuruma «Gyş şäheri» diýýärler. Bu dogry, şäheriň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, bu ýerde bary-ýogy iki-üç aý ýaz gelýär. Ýylyň galan aýlarynda köýnekçe, ýeňil lybasly gezjek gümanyň ýok. Gyşyna bolsa… Biz şäherde 2011-nji ýylda Gyşky Uniwersiadanyň geçirilendigini aýdalyň, galanyny özüňiz göz öňüne getirip görüberiň!

***

Dag ýoluna belet sürüjileriň dolandyrýan awtobuslary bizi 5 sagatdan gowrak wagtdan soň Erzurum şäherine alyp geldi. Şäher deňiz derejesinden tas 2 kilometr beýikde ýerleşýär, «Palan» myhmanhanasy bolsa beýikligiň hem beýikliginde eken. Bu myhmanhana türkmenistanly myhmanlaryna üç günüň dowamynda gujak açdy.

Jemal ALMAZ, Erzurum welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň ýolbaşçysy:

― Erzurumyň 800 müň adama golaý ilaty bar. Dünýä ýüzünde Erzurumy gyşky sport oýunlarynyň iň meşhur merkezleriniň biri hökmünde tanaýarlar. Ýöne welaýatymyzda we onuň bilen atdaş şäherde baý medeniýet hem bar. Türk we dünýä mediasynyň meşhur wekilleriniň biri Ajun Ylyjaly, kino sungatynyň ýyldyzlary Seljuk Ýöntem, Tuba Büýüküstün, türk halk mukamlarynyň ussady Arif Sag ýaly meşhurlary ýatlatmak hem Erzurum medeniýetine göz ýetirmäge ýeterlik bolsa gerek.

***

Şäherdäki Atatürk uniwersiteti 60 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. Talyplarynyň umumy sany 400 müňden hem geçýän uniwersitetde 156 sany türkmen talybynyň bilim alýandygyny eşitmek hem ýakymly boldy. Iň ýakymly zat başga: Medeniýet günleriniňesasy dabaralarynyň erzurumly ildeşlerimiziň bilim ojagynda geçirilmegi olar üçin hem, biz üçin ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlady:

Doktor, professor Ömer Çomakly, Atütürk uniwersitetiniň rektory:

― Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň Erzurumdaky dabaralarynyň biziň uniwerzitetimizde geçirilmegi belent hormatdyr. Biz bilim ojagymyzda diňe bir türkmen medeniýetine däl, dogan-dost halkymyzyň özüne gujak açdyk.

***

Erzurumdaky dabaralar Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanşdyryş dabarasy we köpugurly sergi bilen başlady. Sergi amaly-haşam sungatynyň eserlerini, fotosuratlary we neşir önümleri öz içine alýar.

Sergiler hyýallaryňy başga bir dünýä alyp gidýär. Serginiň Erzurumda işlän iki gününiň dowamynda şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary ata Watanynyň ― Türkmenistanyň asyrlaryň çuňlugyndan aşyp gelen baý medeniýetine ýene bir ýola şaýat boldular. Erzurum Seljuk türkmenleriniň Anadoly topraklaryna gadam goýan ilkinji merkezleriniň biri. Diňe şu aýratynlyk hem sergä bolan gyzyklanmanyň uly bolmagyna sebäp döretdi. Hormatly Prezidentimiziň kitaplary bolsa gyzyklanmalaryň esasy merkezine öwrüldi.

Myrat Ýaňybaýew, Atatürk uniwersitetiniň aspiranturasynyň talyby:

― Hormatly Prezidentimiziň kitaplaryny we Türkmenistanyň sergisini öz okuw mekdebimizde görmek biziň üçin çäksiz uly şatlykdyr. Bu dabaralar arkaly doganlyk türk halky milli medeniýetimiziň beýikligine we hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň çuňňurlygyna ýene bir ýola şaýat boldular.

***

«At ― myrat» atly film Erzurum şäherinde hem görkezildi. Uniwersitetiň giň zalllarynyň birinde geçirilen görkezilişe juda köp adamyň gatnaşandygyny aýratyn aýtmak gerek.

Sinan Dinç, Atatürk uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy:

― Milli medeniýet, şol sanda gamyşgulak bedewlere hormat goýmak babatynda türkmen halkyndan öwrenmäge zat köp. Men Türkmenistanda bilim aldym, häzir hem türk ýaşlaryna türkmen dilini öwredýärin. Meniň pikirimçe, bu filmi talyplaryma görkezmek gerek. Goý, olar nähili beýik medeniýetiň dilini öwrenäýdigine has çuňňur göz ýetirsinler.

***

14-nji iýulda uniwersitetiň dabaralar merkezinde geçirilen dostluk konserti Türkmenistanyň Türkiýedäki medeniýet günleriniň özboluşly jemlemesine öwrüldi. Onda türkmen we türk sahna ussatlary bilelikde çykyş etdiler. Erzurum welaýatynyň, adybir şäheriň ýolbaşçylary, uniwersitetiň rektory we beýleki ýokary derejeli wekiller konsertiň hormatly myhmanlary boldular. Iki sagada golaý dowam eden konsert ýerli ýaşaýjylarda we şäheriň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Agageldi ITALMAZOW.

Erzurum.

14.07.2019 ý.

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ata Watan Eserleri

Teswirle