TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkiýede döwlet talyp haky bilen ýokary bilim almak

Türkiýe döwleti tarapyndan indi birnäçe ýyl bäri dünýäniň dürli künjeginden ýüzlerçe daşary ýurtlylara berilip gelinýän talyp haky 2020-njy ýylda hem dowam eder. Türkiýäniň talyp haklary baradaky @TurkiyeBurslari resmi Twitter hasabynda habar berilişi ýaly 2020-njy ýyl üçin döwlet talyp haklaryna resminama kabul edişlik ýakynda başlaýar.  www.turkiyeburslari.gov.tr internet saýtynyň üsti bilen kabul ediljek resminamalar bakalawr, magistr we doktarantura üçin talyp haklaryny gazanmak üçin mümkinçilik döredip biler. Resminamalar diňe onlaýn görnüşinde kabul ediler we poçtanyň üsti bilen ýa-da gönüden göni berilen resminamalar kabul edilmez. Resminamalar kabul edişlik 10 Ýanwar 2020 senesinde başlaýar we 20 Fewral 2020 senesine çenli dowam eder.  Resminama kabul edişlik üçin bellenen ahyrky möhlet tamamlanmagyna az wagt galanda köplenç ýagdaýda onlaýn sisteme talap artýandygyny hasaba alyp resminamalary tabşyrmak üçin şuwagtdan herekete geçmek maslahat berilýär.

Türkiýede bilim almak isleýän Türkmenistanly talyplara maslahat hyzmatlaryny berýän Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Atavatan Danışmanlık Yayıncılık Tercüme Turizm ve Bilişim Ltd türk şereketi tarapyndan www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna habar berilişine görä, her bir talyp onlaýn sistemiň üsti bilen resminamalary özleri tabşyrmaly, emma, eger, talyba bu ulgamda maslahat hyzmatlary gerek bolsa onda ygtybarly we bu ugurda ýöriteleşen we resmi taýdan hyzmat berýän şereketlere ýüz tutup biljekdikleri maslahat berilýär. Şonda berilýän maglumatlaryň dürs we takyk bolmagy wajyp bolup durýar.

Atavatan Danışmanlık ve Tercüme Merkezi

Aksaray mahallesi Koçibey sokak,  Erler Apt No:34 D:7 Kat:4  Fatih/ İstanbul

E: Mail Adres : atavatanltd@gmail.com

IMO Atavatan : +90 532 401 71 52

WhatsApp  Atavatan : +90 532 401 71 52

Telefon : +90 212 633 40 00  (Türkiye)

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty

Türkiýede bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen Makul Hyzmat Terjime Merkeziniň Aşgabat we Türkmenabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

Makul Hyzmat  Terjime Merkezi

Makul Terjime Aşgabat

+993 63 78 96 73

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

E: Mail Adres : makulhyzmat@gmail.com

Telefon  : + 993 12 96 48 55

Makul Terjime Türkmenabat

Türkmenabat şäher, Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy köçesi, 50. Lezzet söwda Merkezi, Gat 3. Gök Bazaryň ýany,

+993 63 16 34 69

Ýene-de okaň

Gazagystanyň ilkinji prezident dalaşgäri

Türkmenistanyň wekiliýeti Fransiýada iş saparynda bolýar

Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Teswirle