JEMGYÝET

Türkiýede bilim almak üçin mugt maslahat hyzmaty

Türkiýe Respublikasynda bilim almaga isleg bildirýän Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt talyplyk synagynyň (YÖS) dalaşgärlerine “Atavatan Danışmanlık” şereketi tarapyndan mugt hyzmatlar hödürlenýär.

Türkiýede döredilen we türk kanunlaryna laýyklykda hereket edýän “Atavatan Danışmanlık LTD” şereketi tarapyndan ýaýradylan maglumata görä, Stambul uniwersitetiniň daşary ýurt talyplyk synagyna girjek türkmenistanly ýaşlara mugt maslahat bermek göz öňünde tutulandyr.

RESMI KAGYZLAR 23-NJI MARTA ÇENLI ALYNÝAR

Stambul uniwersitetiniň resmi internet sahypasynda (www.istanbul.edu.tr) ýerleşdirilen maglumata görä, daşary ýurt talyplyk synagy üçin resminamalar 2017-nji ýylyň 4-nji dekabry-2018-nji ýylyň 23-nji marty aralygynda ýerli sagat bilen 17:00-a çenli kabul edilýär. Muňa görä, Stambul uniwersitetiniň daşary ýurt talyplyk synagyna girjek dalaşgärleriň 2018-nji ýylyň 23-nji martyna çenli resmi kagyzlaryny tabşyrmalaydyr.

DAŞARY ÝURT TALYPLYK SYNAGY (YÖS) 28-NJI APRELDE

Daşary ýurt talyplyk synagy (YÖS) 2018-nji ýylyň 28-nji aprelinde yerli wagt bilen 15:00-da bellenen merkezlerde geçirilýär. Synagyň netijeleri bolsa, 2018-nji ýylyň 28-nji maýynda belli bolar. Kesgitlenen ballary alan dalaşgärler 2018-nji ýylyň 18-nji iýuny-2-nji iýuly aralygynda saýlan ugurlaryny mälim ederler.

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINE ÝERLEŞDIRMEK

Ýokary okwu mekdeplerine ýerleşdirmek bilen baglanyşykly netijeler 2018-nji ýylyň 9-njy iýulynda mälim ediler. Ýokaru okuw mekdebine girmäge hukuk gazanan dalaşgärlere 2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda kabul ediş hatlary iberiler. Emma 2018-nji ýylyň 20-nji iýulynda internet arkaly hem netijelerden habardar bolmak mümkinçiligi bardyr.

MUGT HYZMAT

Dalaşgärler resmi iş kagyzlaryny internet arkaly özleri hem amala aşyryp bilerler. Şol birwagtda “Atavatan Danışmanlık LTD” şereketiniň toparyndan mugt maslahat sorap bilerler. Girmäge hukuk gazanan dalaşgärler soňky tapgyrlarda şereketden maslahat üçin teklip alyp bilerler.

MUGT HYZMAT ÜÇIN GEREKLI RESMINAMALAR

– Dalaşgäriň Türkmenistanyň çäginden gitmek hem-de Türkmenistana gelmek üçin ulanýan pasportunyň nusgasy

– orta mekdebi tamamlandygy baradaky şahadatnamanyň nusgasy

– dalaşgäriň diňe şu maksatlar üçin açylan gmail-den elektron poçta adresi

– dalaşgäriň kompýuter görnüşindäki fotosuraty. Bu surat giriş synag resminamasynda we synag netijenamasynda ulanyljakdygy üçin soňky alty aýyň dowamynda düşen suraty bolmalydyr.

– resmi iş kagyzlary tabşyrmak üçin uniwersitetiň hasabyna 20 dollaryň tölenendigi baradaky hasap kagyzy. Bu töleg uniwersitet tarapyndan talap edilýär. “Atavatan Danışmanlık LTD” şereketiniň tölegi däldir.

– ejesiniň, kakasynyň ady, doglan ýeri, saglyk ýagdaýy barada maglumat, milleti, başga millete degişli bolsa maglumat, synaga nirede girjekdigi barada maglumat, synaga haýsy dilde girjekdigi (türk, iňlis, fransuz, nemes, rus we arap dilleri), öý salgysy, telefon we el telefony

BELLIK: Resmi kagyzlary tabşyrmagyň soňky güni 2018-nji ýylyň 23-nji marty bolandygy üçin gerekli maglumatlary 2018-nji ýylyň 15-nji martyna çenli “Atavatan Danışmanlık LTD” şereketine ibermegiňiz zerurdyr.

Mugt hyzmat diňe giriş synaglarynyň resmi iş kagyzlaryny tabşyrmak üçindir. Bu hyzmatdan peýdalanmak isleseňiz, gerekli resminamalary we uniwersitetiň töleginiň resminamasyny 2018-nji ýylyň 15-nji martyna çenli ibermegiňiz zerurdyr.

Giriş synaglaryna kabul edilmek üçin has köp maglumat üçin “Atavatan Danışmanlık LTD” şereketiniň işgärlerine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin

 

Stambul, Güneşli Mah, Kırazlı Cad. Önka İş Merkezi, N 8 D/116, Güneşli-Stambul

 

E: Mail Adres : tercume@atavatan-turkmenistan.com

 

Telefon : +90 532 401 71 52 (Türkiye)

 

Telefon : +90 212 550 61 49 (Türkiye)

Çeşme : Atawatan Türkmenistan Habar Agentligi (ATHA)

 Resmi  Facebook Hasabymyz üçin  : 

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Resmi Line Hasabymyz üçin 

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal       

 Resmi Twitter Hasabymyz üçin 

https://twitter.com/AtavatanJournal

Resmi Linkedin Hasabymyz üçin 

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

 

 

 

 

 

 

 

Source : Atavatan Turkmenistan News Agency (ATHA)

Official Line Account

https://line.me/R/ti/p/%40atavatanjournal

Line İD : @atavatanjournal

Official Twitter Account

https://twitter.com/AtavatanJournal

Official Linkedin Account

 https://www.linkedin.com/in/atavatan-turkmenistan-journal-91a056134/

Official Facebook Account

 https://www.facebook.com/AtavatanTurkmenistanJournal/    

Ýene-de okaň

Putin: Russiýa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna hormat goýýar

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan «Boeing-777-300ER» kysymly uçaryna gowuşdy

Ata Watan Eserleri

“Arkadag şäheri- ylham gözbaşy” şygyr bäsleşigi jemlener

Ata Watan Eserleri

Türkmen türgeni “Grand Slam” ýaryşynda bürünç medal gazandy

Türkmenistanda ýaşlar forumyna taýýarlyk görülýär