TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Türk işewürleri baýramçylyk dabarasyna gatnaşdylar

Türkmenistanda geçirilýän baş baýram – şanly Garaşsyzlygyň 28 ýyllyk toýuna türk işewürleri hem gatnaşdylar. Ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan Türkiýäniň iri kompaniýalary ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlarydyr.

Türk işewürleri Türkmenistanda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň strategik taýdan möhüm pudaklaryny ösdürmek boýunça taslamalara gatnaşyp, ýurdumyz bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistanda netijeli işler alyp barýan türk işewürleri ýurdumyzda geçirilän iri baýramçylyk çärelerine hem gatnaşýarlar. Olar bu gezek ýurdumyzyň baş baýramynyň myhmany boldular.

Paýtagtymyz Aşgabadayň merkezindäki baş meýdanda geçirilen dabara «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Namyk Tanyk, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk, “NATA Group” kompaniýasynyň baş müdiri Jüneýt Kandemir, “Burç” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Sefa Gömdeniz, “Cotam Enterprise” kompaniýasynyň weise-prezidenti Seda Genguru, “Engin Group” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Engin Kale we beýleki işewürler gatnaşdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz düýn NATA Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy, «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Türk işewürleri duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köptaraply işlerinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.

Duşuşykda Tükrmenistan bilen köp ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän türk kompaniýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Işewürler täze bilelikdäki taslamalar babatda öz tekliplerini beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle