DÜNÝÄ

Tribeca film festiwaly onlaýn ýagdaýda geçiriler

Käbir ýokanç wirusynyň ýaýramagy sebäpli yza süýşürilen 2020 Tribeca film festiwaly sungt söýüjileri bilen onlaýn duşuşar.

Wirus epidemiýasy sebäpli yza süýşüriljekdigi yglan edilen 2020-nji ýyldaky “Tribeca” film festiwaly onlaýn ýagdaýda geçiriler. “Tribeca” film festiwalyny esaslandyryjylaryň biri Jeýn Rosenthal wirtual festiwalyň ýakyn wagtda tomaşaçylar bilen duşuşjakdygyny habar berdi. Rosenthal we onuň topary bu ýylky festiwaly onlaýn ýagdaýda guramak üçin işe başladylar. Rosenthal, ABC News-da işleýän žurnalist Rebekka  iberen wideosynda öz toparlary bilen öýlerinden ýygnaklary dowam etdirýändiklerini we ýakyn wagtda wirtual festiwalyň resmi taýdan yglan ediljekdigini habar berdi. 2002-nji ýylda Jeýn Rosenthal, Robert De Niro we Kreýg Hatkoff tarapyndan esaslandyrylan we her ýyl has möhüm filmlere ýer eýeçiligini etmek arkaly abraýyny artdyrýan “Tribeca” film festiwalynyň şu ýylyň 15-26-njy aprel aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

Hytaý bilen Gruziýanyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Wengriýada täze prezident saýlandy

Antoniu Guterriş Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine çagyryldy

Aşgabatda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesi boýunça bäştaraplaýyn duşuşyk geçiriler

Türki akademiýasynyň wekiliýeti Türkmenistana geler

Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň nusgalary “British Library” kitaphanasynda saklanýar