TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tranzit Wizasy üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Türkiýe döwletine gitmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryna wiza düzgüniniň girizilmegi bilen Wiza almak üçin haýsy resminamalaryň zerurlygy bize iň köp gelýän soraglaryň biridir. Şol sebäpli biz saýtymyza öň, Syýahatçylyk wizasy, biznes  wizasy, maşgala wizasy, saglyk wizasy we  iş rugsady wizasy üçin zerur resminamalaryň sanawyny ýerleşdirdik. Ol habarlary bu habaryň aşagynda berilýän linklerden okap bilersiňiz. Bu gün bolsa Size Türkiýäniň üsti bilen beýleki ýurtlara uçýan wagtyň transit wizasy üçin gerekli wiza baradaky maglumatlary ýetirýäris.  Beýleki wiza görnüşleri baradaky maglumatlary hem saýtymyza şeýle hem Atavatan TV YouTube kanalyna ýerleşdireris.

 

Transit wizasy üçin zerur resminamalar:

  1. Azyndan 8 aýlyk möhleti bolan daşary ýurt pasporty(zagran) we nusgasy (Hökmany)
  2. Pasport nusgalary (içerki pasportyň 1,3,5,9 we 32-nji sahypalarynyň nusgalary, daşary ýurt pasportynyň baş sahypasynyň nusgasy (Hökmany)
  3. Daşary ýurt raýatlary üçin Türkiýä giren senesinden başlap (ikamet belgesi) (Hökmany)
  4. 2 sany biometrik surat 5×6 (arkasy ak fon, täze we soň 6 aý içinde düşülen bolmalydyr.) (Hökmany)
  5. Türkiýe üçin syýahat we saglyk ätiýaçlandyryşy / COVID-19 Kepilligi (Hökmany)
  6. Uçuş bilet brony, tranzit gidiljek beýleki ýurda uçuş bileti (Tranzit uçuş wizasy üçin howamenzilinde garaşma wagtynyň 24 sagatdan gowrakdygyny subut etmelidir.) (Hökmany)
  7. Galmaly ýagdaýynda myhmanhana brony (Hökmany)
  8. Türkmenistanda işlän kompaniýasyndan alynan iş resminamasy (Hökmany)
  9. Ýüzleniji tarap 18 ýaşa ýetmedik bolsa, her iki tarapyň ene-atanyň notarus tarapyndan berlen razylyk haty (aýrylyşan ýagdaýynda-da, ene-atanyň ikisi-de notarus tarapyndan berilen razylyk hatyny bermegi hökmanydyr) (Hökmany)
  10. Wiza tölegi we Gateway hyzmat tölegi (Hökmany)

 

Bellemeli zat, transit  wizasyna  ýüz tutýanlar üçin bellenen web saýtynda ýer alan aşakdaky maglumatlara hem üns bermegi wajypdyr.

a. Goýberilen resminamalaryň hemmesi täze alynan we doly bolmalydyr.

b. Türkiýe wizasy üçin tabşyrylan doly däl resminamalar, ýüzlenmäňiziň ret edilmegine sebäp bolup biler.

ç. Türkiýäniň Aşgabat wekiliýeti zerur bolanda goşmaça resminamalary talap etmäge haklydyr.

d. Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza beriljekdigini kepillendirmeýär.

e. Ähli görnüşler we resminamalar her bir adam üçin (maşgala agzalaryny ýa-da islendik topary ) aýratyn taýýarlanylmaly we tabşyrylmaly. siziň islegiňize we bu mesele boýunça kararlaryňyzyň gutarnykly bolmalydyr.

f. Ýüzlenme wagtynda gijikdirilen ýa-da ret edilen halatynda wiza tölegleri we / ýa-da hyzmat tölegleri yzyna gaýtarylmaýar.

 

mahabat

Türkiýä wiza üçin resminamalaryň terjimesinde Makul Hyzmat Terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz!

 

 

 

 

 

 

 

İş Rugsady Wizasy :Türkiýe Wizasy Üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Ýene-de okaň

Niderlandlar syýahatçylar üçin gapylaryny doly açdy

Özbegistan 7 million syýahatçy kabul etmekçi

İş Rugsady Wizasy :Türkiýe Wizasy Üçin Zerur Resminamalaryň Sanawy

Baş Redaktor

Teswirle