TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Transferden iň köp girdeji gazanan topar

Ýewropada pandemiýanyň täsiri bilen transfer bazarynda birneme durgunlyk ýüze çykan hem bolsa, muňa garamazdan, transferler yzly-yzyna amala aşmagy dowam edýär. Ýewropanyň öňdebaryjy toparlary düzümini güýçlendirmek üçin birnäçe oýunçylary transfer edýärler we beýleki tarapdan bolsa toparyň maýa goýumyny oýunçy satuwy bilen deňleşdirmäge synanyşýarlar.

Soňky 20 ýylyň hasabatyna boýunça, Ýewropada futbolçy transferinde iň köp girdeji gazanan Italiýanyň Seriýa A çempionatynyň “Ýuwentus” topary bolup durýar. “Ýuwentus” soňky 20 ýylda jemi 1 milliard 440 million ýewro, esasanam soňky 5 ýylda 730 million ýewro oýunçylaryny satyp, dünýäde oýunçy satuwyndan iň köp girdeji gazanan topar boldy. “Ýuwentus” toparyň iň ýokary 5 sany satylan oýunçysy – 2017-nji ýylda 105 million ýewro Pogbany, Zidan üçin 77,5 million ýewro, Kanselo üçin 65 million ýewro, Pjaniç üçin 60 million ýewro we Bonuçi üçin 42 million ýewro möçberde oýunçylaryny satdy.

Ýewropanyň oýunçy satuwy bilen ünsi çeken Portugaliýa döwletiniň futbol toparlary “Benfika” we “Porto” hem soňky 20 ýylda iň köp transferden gazanan toparlaryň hataryna girmegi başardy.

Ýewropanyň futbol toparlaryndan oýunçy satuwyndan iň köp girdeji gazanan toparlar:

  1. 1. “Ýuwentus” – 1 milliard 440 million ýewro
  2. 2. “Çelsi” – 1 milliard 240 million ýewro
  3. 3. “Real Madrid” – 1 milliard 220 million ýewro
  4. 4. “Barselona” – 1 milliard 200 million ýewro
  5. 5. “AS Monako” – 1 milliard 119 million ýewro
  6. 6. “Benfika” – 1 milliard 118 million ýewro
  7. 7. “Porto” – 1 milliard 118 million ýewro
  8. 8. “Inter” – 1 milliard 116 million ýewro
  9. 9. “Roma” – 1 milliard 80 million ýewro

10.“Liwerpul” – 1 milliard 20 million ýewro

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle