TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Transfer täzelikleri: Mbappe “Reala” geçermi?

Şu günler Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda futbol möwsümi tamamlanyp barýar. Möwsümiň tamamlanmagy bilen futbolçylaryň transfer habarlary hem uly gyzyklanma döredip başlaýar.

Şol habarlaryň başynda bolda, “PSŽ” toparynyň ýaş fransiýaly ýyldyzy Kilian Mbappe barýar. Onuň Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçmegine garaşylýar. “Real” topary hem bu transferi tassyklan ýaly görünýär.

“PSŽ” toparynyň hem Mbappeni toparda saklamak üçin mundan beýläk tagalla etmekden ýüz öwrendigini, oňa aýlyk 4,7 million ýewro teklip edendigi mälim edilýär.

Şol bir wagtda soňky döwrüň güýçli futbolçylaryndan Robert Lewandowski hem “Bawariýa” toparyndan gitmekçi bolýar. Ol hem Ispaniýanyň başga bir güýçli topary “Barselona” geçer. “Barselona” oňa iň köp 35 million ýewro teklip etdi. Robert zähmet hakynyň 22 milliondan 16 milliona çenli azaldylmagyny hem oňlady.

Italiýanyň “Ýuwentus” topary Paolo Dibala we Kiellini ýaly güýçli futbolçylarynyň gidýändigini göz öňünde tutup, Pol Pogba hem-de Perisiç bilen gyzyklanyp başlady. Şeýle hem bu topar argentinaly Anhel Di Mariýa bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşmak babatda ylalaşdy.

 

Afrikaly zenan 128 ýaşyna girdi

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle