TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Transfer täzelikleri: “Çelsi” ýene-de bir futbolçy satyn aldy

Angliýanyň “Çelsi” topary “Lester” toparyndan goragçy Uesli Fofany satyn aldy. London toparynyň habar bermegine görä, futbolçy bilen 7 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

Futbolçynyň transfer bahasy 70+5 million funt-sterlinge deňdir.

Mundan başga-da, “Çelsi” topary Ispaniýanyň “Barselona” topary bilen ylalaşyga geldi. “Çelsi” öz düzümindäki Alonsony “Barselona” berip, bu topardan Pýer Obameýangy alar.

Şeýle hem Italiýanyň “Ýuwentus” topary “PSŽ” toparyndan Paredesi kärendesine aldy. Bu futbolçy üçin satyn almak şerti bilen 22,6 million ýewro tölendi.

Transfer täzelikleri barada aýdylanda, “Barselona” topary düzümini has-da güýçlendirendigi üçin käbir ozalky futbolçylary bilen şertnamalary ýatyrýar. Şolaryň biri hem Breýtueýt boldy.

 

Ýene-de okaň

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Messi ilkinji üçlükde

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Teswirle