TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Transfer bahasy pese gaçan futbolçylar

“Transfermarkt” portaly Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda çykyş edýän ýyldyz oýunçylarynyň transfer bahalarynyň sanawyny täzeden düzdi. Bir tarapdan ýyldyz oýunçylaryň transfer bahasy pese düşýän hem bolsa, bir tarapdan ýaş zehinli oýunçylar özlerini meýdançada gowy tarapyndan görkezip, transfer bahalaryny artdyrýarlar we beýleki toparlara gyzyklanma döredýär. Biz bolsa bir ýylyň içinde futbolçylaryň transfer bahasy pese gaçan futbolçylaryň sanawyny hödürlemegi makul bildik.

Bir ýylyň içinde transfer bahasy pese düşen 10 sany futbolçy:

  1. 1. Eden Azar (“Real Madrid”) – 120 – 60 million ýewro

“Real Madrid” topary, topary terk eden ýyldyz oýunçy Kristiano Ronaldo derek, “Çelsi” toparynyň hüjümçisi Eden Azary transfer etdi we bu oýunça uly bil baglaýardylar. Emma bu oýunçy täze topara goşulandan soňra yzly-yzlyna şikesler almaga başlady we munuň netijesinde transfer bahasynyň pese düşmegine getirdi.

  1. 2. Kepa Arisabalaga (“Çelsi”) – 60 – 18 million ýewro

Derwezeban täze toparda özüni gowy tarapyndan görkezip bilmedi we her duşuşykda goýberen ynamsyz hereketleri üçin topar onuň ýerine täze derwezeban transfer etdi.

  1. 3. Lionel Messi (“Barselona”) – 140 – 100 million ýewro

Ýyldyz hüjümçiniň transfer bahasynyň pese düşmegi onuň ýaşynda diýip belläp geçýärler. Häzirki wagtda Leo Messi 33 ýaşynda.

  1. 4. Antuan Grizmann (“Barselona”) – 120 – 80 million ýewro

Topara goşulan ilkinji möwsüminde Grizmann, topara doly öwrenşip bilmedi. Bu möwsüm bolsa täze tälimçiniň gelmegi bilen toparda öz ýerini tapar we topara netije getirer diýip, bellenilýär.

  1. 5. Neýmar (PSŽ) – 160 – 128 million ýewro

Hüjümçiniň transfer bahasynyň pese düşmeginiň birinjisi onuň Fransiýadaky “Liga 1” çempionatynda çykyş etmegi, sebäbi ýewropa futbolynda bu çempionat beýleki çempionatlardan pes saýlanylýar. Ikinjisi bolsa onuň her möwsümde üstünlikleriniň sanynyň azalmagy diýip, bellenilip geçilýär.

  1. 6. Rahim Sterling (“Mançester Siti”) – 160 – 128 million ýewro

Eýýäm üç möwsüm Sterling ýokary derejede çykyş edýär, emma “Transfermarkt” üçin onuň oýun derejesi gyzyklandyrman, ol oýunçy bilen gyzyklanýan toparlaryň sany hem hasap edilýär.

  1. 7. Kewin De Bruýne (“Mançester Siti”) – 150 – 120 million ýewro

Kewin De Bruýne Angliýanyň “Premýer-liga” çempionatynda möwsümiň oýunçysy hem hasaplanypdy, emma transfer bahasynyň pese düşmeginiň sebäbi dünýäde ýüze çykan pandemiýa bolup durýar.

  1. 8. Mohamed Salah (“Liwerpul”) –150 – 120 million ýewro

2017/2018 futbol möwsüminde Salah 52 duşuşykda 44 gezek gol we 16 gezek ýardam pasyny geçirmegi başarypdyr, bu bolsa oýunçynyň iň gowy görkezijisi bolup durýar. Emma şol ýyllardan bäri bular ýaly netije görkezip bilmändir.

  1. 9. Garri Keýn (“Tottenhem”) 150 – 120 million ýewro

Bu oýunçynyň transfer bahasynyň pese düşmeginiň sebäbi toparda ykdysady çökgünlik we oýunçynyň agyr derejede şikes alyp meýdançada çykyş edip bilmedikleri üçin diýip, hasaplanylýar.

  1. 10. Sadiýo Mane (“Liwerpul”) 150 – 120 million ýewro

Onuň toparynda ykdysady çökgünligiň emele gelmegi, dünýäde ýüzen çykan pandemiýa sebäpli yglan edilen arakesmeden soňra pes netije görkezenligi üçin diýip, bellenilip geçilýär.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Mançester derbisi: Holandyň we Fodeniň taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Teswirle