TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Transfer bahasy pese gaçan futbolçylar

“Transfermarkt” futbol web saýty häzirki wagtda dowam edip duran çempionatlarda transfer bahalary pese gaçan dünýä belli futbolçylarynyň sanawy bilen tanyşdyrdy. “Atletiko Madrid” toparyndan transfer edilen Antuan Grizmannyň “Barselona” toparynda üstünlikli çykyş eder diýlip garaşylýardy. Emma gynansak-da soňky wagtlar öz oýnuny görkezip bilmeýär. Grizmann bu sanawyň birinji ornuny eýeleýär. Onuň transfer bahasy şol wagtdaky transfer bahasyndan 32,4 million funt pul möçberinde pese düşdi. Oýunçylaryň transfer bahasynyň pese düşmeginiň sebäbi ýa olar meýdançada az wagt geçirýärler ýa-da garaşylan oýnunyy görkezip bilmedigi bilen baglanyşyklydyr.

Biz bolsa transfer bahalarynyň pese düşen dünýä belli oýunçylarynyň sanawyny tanyşdyrýarys:

1. Antuan Grizmann (“Barselona”) – 54 million funt (-32,4 million)

2. Kristian Eriksen (“Inter”) – 31,5 million funt (-29,7 million)

3. Lionel Messi (“Barselona”) – 72 million funt (-28,8 million)

4. Eden Azar (“Real Madrid”) – 45 million funt (-27 million)

5. Delle Alli (“Tottenhem”) – 34,2 million funt (-23,4 million)

6.Samuel Umtiti (“Barselona”) – 9 million funt (-19,8 million)

7. N’Golo Kante (“Çelsi”) – 54 million funt (-18 million)

8 Leroý Sane (“Bawariýa”) – 54 million funt (-18 million)

9. Isko (“Real Madrid”) – 18 million funt (-18 million)

10. Rahim Sterling (“Mançester Siti”) – 99 million funt (-16,2 million)

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle