TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Trampyň bäsdeşi Baýden bolar

Şu ýylyň 3-nji noýabrynda ABŞ-da geçirilýän Prezident saýlawlarynda ýurduň häzirki Prezidenti Donald Trampyň esasy bäsdeşiniň Jo Baýden bolar. Ýurduň Demokrat partiýasyndan dalaşgärlik üçin bäsleşýän Berni Sanders saýlawlardan meýletin çekildi. Şeýlelikde Demokrat partiýanyň dalaşgäriniň Baýden bolmagyna garaşylýar.

Partiýalaryň resmi dalaşgärleri şu ýylyň awgust aýyndaky kongresinde mälim ediler. Demokrat partiýanyň kongresi 17-nji awgustda geçiriler. Respublikan partiýasynyň dalaşgäri bolsa, 24-27-nji awgustda guralar. Respublikanlaryň kongresinde Donald Trampyň dalaşgärligi resmi taýdan mälim ediler.

2020-nji ýylyň 3-nji noýabrynda geçiriljek saýlarda ýeňiş gazanan dalaşgäri 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Ak Tamda prezidentlik wezipesine girişer.

Ýene-de okaň

Üçtaraplaýyn gaz bileleşigini döretmekçi

Türkmenistanyň wekiliýeti AHHG-nyň müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini berdi

Teswirle