SPORT

Tramp: Habib örän akylly, oňa uly geljek garaşýar

Mälim bolşy ýaly, geçen hepdäniň ýekşenbe güni  ABŞ-nyň Nýuark şäherinde «UFC 302» ýaryşlary geçirilip, şonuň çäklerinde ýeňil agramda «UFC-niň» çempiony Islam Mahaçew bilen amerikaly Daston Porýeniň tutuluşygy boldy. Oňa ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, şol wagtda Islam Mahaçewiň ýakyn dosty Habib Nurmagomedow hem gatnaşdy.

Ozalky çempion Habib Nurmagomedow bu tutluşyga öz ýakyn dosty Islam Mahaçewe goldaw bermek üçin gatnaşdy. Şol tutluşygyň çäklerinde Habib bilen donald Trampyň gysga wagtlyk söhbetdeşligi boldy.

Tramp bu barada özüniň jemgyýetçilik torunda habar berdi.

– Habib özüniň sport karýerasyny 29-0-lyk rekord bilen tamamlap, hiç bir tutluşykda ýeňilmedi. Ahli döwürleriň iň beýik türgeni bolsa gerek. Men onuň bilen Nýu-Jerside «UFC 302» ýaryşlarynyň çäklerinde duşuşdym.

Ol örän akylly oglan. Oňa uly geljek garaşýar – diýip, ABŞ-nyň 45-nji Prezidenti Donald Tramp jemgyýetçili torunda habar berdi.

Ýekşenbü gündäki tutuluşykda ýeňiş gazanan Islam Mahaçew 3-nji gezek ýeňil agramda çempionlyk kemerini goramagy başardy.

 

Ýene-de okaň

Ronaldodan özboluşly täze rekord

Futbol şüweleňi: Ýewropa çempionaty başlaýar

Ata Watan Eserleri

Antonio Konte “Napoliniň” baş tälimçisi boldy

Türkmenistan – Gonkong duşuşygynyň petekleri satlykda

Çerçesow Gazagystanyň milli ýygyndysyna tälim berer

Mareska “Çelsi” toparyna tälim berer