TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak

«2020-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçiriljek XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň gatnaşmagy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde kabul eden 740-njy kararyna laýyklykda we Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini ýokary derejede taýýarlamak üçin okuw-türgenleşik sapaklaryny geçirmäge;

2020-nji ýylyň 1-nji martyndan Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde uzakmöhletleýin we «Awaza» sport toplumynda möwsümleýin sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň okuw-türgenleşik ýygnanşyklaryny geçirmek üçin ýöriteleşdirilen sport bazalaryny döretmäge ygtyýar berildi.

Içeri işler ministrligine we Aşgabat şäheriniň häkimligine ýöriteleşdirilen sport bazalaryny döretmek üçin sport we ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary hem-de binalary Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine ulanmaga bermek tabşyryldy.

Aşgabat şäheriniň häkimligi Olimpiýa şäherjiginde dörediljek ýöriteleşdirilen sport bazasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenleriniň ýaşamagyny we iýmitlenmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sargytnamasy esasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sport iýmiti we ýörite iýmit goşundylary bilen üpjün etmek tabşyryldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi:

Sport iýmitleriniň we ýörite iýmit goşundylarynyň hiline we howpsuzlygyna gözegçiligi amala aşyrmaga hem-de döwlet tarapyndan bellige alynmagyny we güwälendirilmegini üpjün etmäge;

Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň sargytnamasy esasynda türgenleri taýýarlamak üçin zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün etmäge;

Olimpiýa şäherçesindäki Saglygy dikeldiş we anyklaýyş barlaghanasynda türgenleri lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmäge borçly edildi, şeýle hem degişli işleri ýerine ýetirmek üçin daşary ýurtly hünärmenleri işe çekmäge we ýerli hünärmenleri tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara ugratmaga ygtyýar berildi.

Bilim ministrligine, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna:

Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýüz tutmasy esasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň agzalary bolan talyplaryň, serkerdeleriň hem-de çagyryş boýunça harby gullugy geçýän türgenleriň okuw-türgenleşik sapaklaryna bellenen tertipde gatnaşmagyny üpjün etmek;

Özygtyýarlyklarynyň çäklerinde degişli işleri amala aşyrmak üçin 10 gün möhletde degişli resminamalar bilen düzgünleşdirmek we hereket edýän kanunçylyga laýyklykda tassyklamak tabşyryldy. 

Related posts

Türkmenistan ile BAE arasında yenilenebilir enerji alanındaki ortaklık yeni bir aşamaya giriyor

Türkmenistan Devlet Başkanı, Tokayev’i seçimlerdeki zaferi ile tebrik etti

Ata Watan Eserleri

Amerikan iş heyetinin Aşkabat ziyaretinin tarihleri ​​açıklandı

Teswirle