TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Üstünlige ÿetmek üçin…

Nädip üstünlikli-kämil adam bolmaly? Bu soragy özümize bermedigimiz ýok bolsa gerek.

Aslynda üstünlik näme? Muny öz düşünjäm boýunça düşündirjek bolaýyn. Üstünlik-bu siziñ ajaýyp pikirleriñiziñ durmuša geçmegidir. Beÿik maksatlatlaryñyzyñ amala aşmagydyr. Ÿaşlygyñyzdan eden arzuw-hyÿallaryñyzyñ hasyl bolmagydyr.

Inlislerde šeÿleräk söz bar “Practise makes perfect”. Türkmen dilen terjime edilende praktika (pikirleriñ, teoriýalaryñ durmuşa geçirilmegi) üstünlik döredýär. Bu sözüñ dogrudygyna taryhdaky üstünlikli adamlaryñ durmuşynyñ güwä geçişi ÿaly häzirki döwrüñ hem üstünleriniñ durmuşy muña aÿdyñ mysaldyr. Geliñ taryhdan we zamanamyzyñ kämilleriniñ käbirleriniñ durmuşyna ser salyp özümize netije çykaralyñ.

Ford maşynlarynyñ oýlap tapyjysy bolan Genri Forda goñşulary “däli” diýipdirler. Sebäbi olar Forduñ garažynda her gün bir zatlar edýänini dälilik hasap edipdirler. Onuñ šol garažynda oýlap tapan maşyny dünÿä ÿüzünde meşhurdyr.

“Microsoft” kompaniýasyny döreden Bill Gates çagaka öz ÿaşyndan kiçi görlüpdir we ol öÿden çykmazlyga wada beripdir. Bilşiñiz ÿaly onuñ döreden önümini dünÿäniñ kompýuter ulanyjylarynyñ ýarysyndanam köp bölegi ulanÿar.

“Kfc” önümini oýlap tapan Harland Sanders ÿaşka bir restoranda hyzmatçy bolup işläpdir. Ol özüniñ meşhur önümi bolan KFC-niñ düzümini 1000 restorana hödürläpdir. 1000-si hem kabul etmändir. Harlandyñ ÿüz tutan 1001-nji restorany önümi synap görmekligi isläpdir we bilşiñiz ÿaly häzirki wagtda “M’cdonald’s”-dan soñ ikinji önüm.

Bu ägirtleriñ üstünlige ÿetmeginde baglanyşdyrýan iki zat bar. Olaryñ biri özlerine bolan güÿçli ynamydyr. Beýlekisi ajaýyp pikirleriniñ bolmagydyr. Eger olaryñ özüne bolan ynamy güýçli  bolmadyk bolsady belki biziñ ulanÿan elektron ulgamlarymyzyñ köpüsi bolmazdy. Dünÿäniñ 40% göterim adamlarynyñ iñ söÿgüli nahary bolan KFC-niñ ornuny başga bir önüm alardy. Özüñe bolan ynam üstünlige ýetmekde esasy şertleriñ biri diýsem hakykatdan daş düşdügimiz bolmazmyka diÿÿän. Başgaça aýdylanda özüñe bolan ynam we ajaýyp pikir üstünligiñ açarydyr. Üstünlige ýetmek isleýän bolsañyz özüñize ynanyñ we şol ynamyñyzy hiç kim, hiç bir güÿç syndyrmasyn.!

Ýaşamak üçin çöregiñ ýany bilen suwuñda gerek bolşy ýaly, üstünlige ýetmek üçin hem özüñe bolan ynamyñ gapdaly bilen agyr zähmet hem gerekdir. Hiç kim enesinden kämil bolup dogulanok. Ÿa-da henize çenli añsatlyk bilen üstünlige ýeten ýokmuka diýýän. Ýokarda adyny agzan kämillerimiz hem ol derejä ÿetmek üçin agyr zähmet çekdiler, der dökdüler. Köp adamlar bir işe başlap, bir-iki gezek şowsuzlyga uçranlaryndsn soñ, doly gutarman taşlaÿarlar. Ýadawsyz zähmet çekseñiz üstünlige  ýetersiñiz. Gurbannazar Ezizowyñ aýdyšy yaly:

…Kynçylyk ýok,

Ejizlik bar dünÿäde.

Kämil bolmakda ýene bir esasy şertleriñ biri hem ruhubelentlikdir. Siz ruhubelent bolsañyz daş-töweregiñizdäki adamlar hem siz bilen has gowy gatnaşykda bolarlar. Işleriñiz has ugruna bolar. Ýylgyryşyñ, şadyýanlygyñ adamlarda pozitiw duýgy oýarýandygyny siz bilýänsiñiz.”Ruhuñyz tug kimin belentde bolsun!”

4-5 gün mundan ozal, Aşgabat şäheri boyunça şäherara olimpiýada geçirildi. Olimpiýadada ýer alyp bilmedim. Ýaryşyñ ertesi güni himiýa sapagynda otyrkak mugallym keýpimiziñ ýokdugyny bilip bize šeÿle diÿdi: “Siz üçin bir gapynyñ ýapylmagy durmuşyň soñy diýildigi däldir. Allatagalla bir gapyny ýapsa, şol gapa derek 1000 gapy açylýandyr. Her işde bir haýyr bardyr. Şahyryñ aýdyşy ÿaly:

Oñarsyñ

Bar zady oñatlyga ýor,

Belki-de ýorgudyñ şowuna düşer.

Ikibaşdan, gündogarda gün dogar,

Ikibaşdan, günbatarda gün yaşar.”

Bu aýdylanlar üstünlige ýetmek babatynda hem dogrumyka diýýän. Elmydama ÿagşy niýetde bolun!.

Synanyşsañyz iki wariant bolmagy mümkin ýa-da bolmaz. Synanyşmasañyz ýekeje wariant bar: bolmaz. Hiç wagt synanyşmakdan gorkmañ. Tomas Edison lampany ýasamak üçin 1000 gezek synanyşypdyr. Häzirki wagtda dünýäniñ iñ baÿ adamy bolan Jeff Bezos “Amazony” döretjek bolanda 44  sany kärdeşine sala salypdyr. Şolaryñ 43-si onuñ pikirini oñlamandyrlar. Diñe bir kärdeşi onuñ pikiri bilen ylalaşypdyr we “Eger özüñe ynamyñ bar bolsa onda synanyşyp görmek zyýan etmez” diýipdir. Şol adamyñ aýdan sözleri esasynda “Amazon.com” döräpdir.

Başda şu ýaryšyñ bardygyny eşidenimizde ýoldaşlarymyñ arasyndan biri “Aý ol bäsleşige güýçli  ýazyjy-şahyrlar gatnaşýalar, biz ýazanymyzda-da barybir ýer almarys” diýdi. Dostlarymyñ biri ýokardaky sözleri gaýtalady: “Synanyşsañ iki wariant bar: bolar ýa-da bolmaz. Eger synanyşmasan yekeje wariant bar: bolmaz. Diñe öz yeñjegiñe ynan”

Hormatly okyjym! Ajaýyp  pikirleriñiz, özüñize  ynamyñyz bar bolsa we synanyşmakdan gorkmaýan bolsaňyz onda siz üçin üstünlige tarap bir ädim galdy.

Osmangeldi ATANOW.

Related posts

Türkmenistan Azerbaycan’ın İran Büyükelçiliğine yapılan saldırıyı kınadı

Türkmenistan ile Almanya sağlık alanında işbirliğini güçlendiriyor

Türkmenistan’da, türkmen gençlerinin uluslararası işbirliği stratejisi geliştirilecek

Teswirle