TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Uçarlaryň ýerini otlular alar

Ählumumy maýylganlyk sebäpli Ýewropanyň ilatynyň köp bölegi ekologiýa taýdan arassa ulaglara geçmegiň tarapdary bolup çykyş edýärler. Bu ýagdaýda Ýewropada demirýol gatnawlaryna talap ýokarlandy. Adamlar uçarda syýahat etmegiň ýerine otluly gitmegi saýlap alýarlar. Awstriýada gijelerine otly gatnawynyň täzeden ýola goýulmagy babatda çözgüt kabul edildi.

Häzirki wagtda ýokary tizlikde ýöreýän otlularyň öndürilmegi, olaryň içiniň rahatlygy adamlaryň otlulara bolan islegini ýokarlandyrdy. 20-nji ýanwardan başlap, Wena-Brýussel aralygynda gije ýöreýän otly gatnawy ýola goýuldy. Hepdede 2 gezek gatnajak bu otly gatnawynyň 15 sagat dowam edýändigine garamazdan, peteklerine alyjy tapylýar.

Häzirki wagta otlular uçar we awtomobillere garanyňda, ekologiýa taýdan arassa hasap edilýär.

Related posts

Türkmenistan, ilk akıllı şehir projesinin açılışına hazırlanıyor

Rusya Dışişleri Bakanlığı: Türkmenistan, Rusya’nın Orta Asya’daki stratejik ortağı

Türkmenistan-ABD: enerji ve yeşil enerji alanında işbirliği

Teswirle