TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
GENEL

Türkmenistanyň Prezidentiniň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen duşuşygy

2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda S.Lebedew agza-döwletleriň arasyndaky gatnaşygy berkitmekde Türkmenistanyň şu ýylda GDA başlyklyk etmeginiň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn belledi we ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi Arkalaşygyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda taraplar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de geljekde Arkalaşygyň işiniň kämilleşdirilmegi babatynda alnyp barylýan işleriň üstünde durup geçdiler.

Şeýle-de Arkalaşygyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Türkmenistanyň goşýan uly goşandyna aýratyn üns berildi.

Related posts

Türkmenistan Dışişleri Bakanı Türkiye’yi ziyaret edecek

Türkmenistan ile BAE arasında yenilenebilir enerji alanındaki ortaklık yeni bir aşamaya giriyor

Türkmenistan Devlet Başkanı, Tokayev’i seçimlerdeki zaferi ile tebrik etti

Ata Watan Eserleri

Teswirle