TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNYA

Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

2019-njy ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda nobatdaky türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Orta Aziýa işleri boýunça edarasynyň Orta Aziýa işleri boýunça müdirliginiň direktory Mark Mudi ýolbaşçylyk etdi.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda taraplar halkara platformalarynyň çäklerinde, özara hereket etmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sebitiň içindäki gatnaşyklarynyň giňledilmegini maksat edinýän «Ð¡5+1» formatyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygynyň zerurlygyny nygtadylar. Şeýle hem syýasy we sebitleýin meseleler, şol sanda ýurtlaryň Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça tagallalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň howpsuzlyk, ykdysadyýet we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özarahereketleriniň gurallary kesgitlenildi. Taraplar şeýle-de Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ähmiýetini hem aýratyn belläp geçdiler.

Related posts

Halk Maslahatı Başkanı, Kore Cumhurbaşkanı ile enerji işbirliğini görüştü

Türkmenistan ile BAE arasındaki ticaret hacmi %296 arttı

Türkmenistan, Çin’den dizel lokomotifi satın aldı

Ata Watan Eserleri

Teswirle